>“Türkmenkommuntaslama” taslama jemagat instituty özüniň 50 ýyllygyny belledi. Bu institut Aşgabatda we sebitlerde jemaget hojalygynyň desgalaryny taslaýar, golaý iki ýylda Aşgabady ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde paýtagtda binalaryň düýpli abatlaýyş işleri üçin taslama-smeta resminamalaryny taýýarlaýar. 2014-nji ýylda taslama-gözleg işleri boýunça meýilnama 140,6 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem, institutda işlenilip taýýarlanan taslamalar “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýar. Şeýleleik-de, Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde suw arassalaýjy desganyň taslamasy taýýarlandy, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan suw arassalaýjy desga çenli suw geçirijisiniň taslamasy ýerine ýetirildi, Balkanabatda bug gazanlarynyň we ýyladyş ulgamlarynyň taslamasy taýýarlandy.
Institut Aşgabatda suw sorujy beketleriniň 30-nyň, paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynda bug gazanlarynyň, suw çüwdürimler toplumynyň suw üpjünçiliginiň we lagym ulgamynyň, paýtagtyň Gurbansoltan eje şaýolunyň we Ostrowskiý köçesiniň çatrygynda suw üpjünçiliginiň we lagym ulgamynyň durkuny täzelemegiň taslamalaryny işläp taýýarlady.
Şu ýyl Aşgabadyň gurluşygynyň nobatdaky 13-nji tapgyrynyň desgalary ulanmaga beriler. Onuň amala aşyrylmagynda institutyň hünärmenleriniň hem mynasyp goşantlary bardyr. Inženerçilik gözlegleri bölümi tarapyndan topografiki we geologiki işleri geçirilýär, sebitiň seýsmiki ýagdaýy göz öňünde tutulýar. Geljekde paýtagtyň gurluşygynyň nobatdaky 14-nji we 15-nji tapgyrlary we Ahal welaýatynyň ilatly nokatlarynyň birnäçesi üçin inženerçilik ulgamlary boýunça taslamalary ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.