Ï “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň ýeňijileriniň hormatyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň ýeňijileriniň hormatyna

view-icon 937
Paýtagtyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar guramasy tarapyndan her ýylda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijileriniň hormatyna dabara geçirildi.

Bäsleşigi guraýjylar bu bäsleşigiň owadan we ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrülmegi barada alada edipdirler. Binanyň eýwanynda meşhur hem-de ýaňy döredijilik ýoluna başlaýan hudožnikleriň eserleriniň, keramikaçylaryň, zergärleriň bezeg işleriniň tematiki sergisi guraldy. Muzeý işgärleri XVIII-XIX asyrlara degişli bolan milli geýimleriň we zenanlaryň kümüşden ýasalan bezeg şaý-sepleriniň ajaýyp nusgalaryny görkezipdirler.

Baýramçylyk ruhunda bezelen zala paýtagtyň zähmet toparlarynyň wekilleri, kärhanalaryň we guramalaryň, okuw we lukmançylyk edaralarynyň zenanlar guramalarynyň başlyklary, zenan şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri ýygnandylar. Halk we estrada aýdymlaryny ussatlarça ýerine ýetirýän aýdymçylar, skripkaçylar we halk saz gurallary toparlary özleriniň şirin owazly aýdymlaryny we sazlaryny olara, ykdysadyýetiň dürli pudagynda göreldeli zähmet çekýän, çagalarydyr agtyklaryny okadýan, ösdürip ýetişdirýän, sadadan owadan ruhly zenanlara bagyşladylar

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň başlygy Bibiaýşa Saparowa; Ahal welaýatynyň Tejen şäherinden öý hojalykçy zenan Gurbansoltan Orazmyradowa; Weteranlar we urşa gatnaşyjylar üçin Mary welaýat keselhanasynyň uly şepagat uýasy Täjigözel Gurbandurdyýewa; Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Medeniýet öýüniň folklor-tans toparynyň artisti Aýanabat Durdyýewa; Harby institutynyň uly mugallymy Gurbangül Nuryýewa; Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň “Magtymguly” geňeşiniň sekretary Ejew Atabaýewa; Aşgabat şäherinden telekeçi Ogulhan Rozyýewa dagy bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrlaryna gatnaşanlaryň ählisi Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandy.