Ï Türkmen keselhanalarynda iş tejribesini geçýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen keselhanalarynda iş tejribesini geçýärler

view-icon 713
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen baglaşylan şertnama esasynda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezinde Lýudwig Maksimilian adyndaky Mýunhemiň uniwersitetiniň II klinikasynyň meşhur kardiohirurygy Kalin Wikolyň işleýändigini türkmenistanlylaryň köpüs bilýändir. Professor ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen syrkawlara maslahatlary berýär, ýürege çylşyrymly operasiýalary edýär, öz kärdeşleri we Türkmenistanyň Lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin ussatlyk sapaklaryny geçýär.


Şu günler professor Klin Wikolyň ýanyna ýene-de bir okuwçy geldi. Kardiologiýa ylmy-klinikaly merkezli gospitalda Mýunheniň tehniki uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň 3-nji talyby Bern Bost iş tejribesini geçýär. Ol Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýar, bu okuw mekdebiniň sport mekezinde türgenleşýär we kitaphasyna gatnaýar.

Bern Bostyň belleýşi ýaly, haçan-da ol öýüne gaýdyp baranda, öz dostlaryna Türkmenistanyň klinikalarynda iş tejribesini geçmeklerini maslahat berer. Bu ýerde öňdebaryjy lukmançylygynyň işleýän iň häzirki zaman enjamlary bar. Şonuň üçin hem şular ýaly lukmançylyk enjamlarynda işlemek öz hünär ussatlygyň üçin örän uly bähbitdir.