Ï Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýörelgesi bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýörelgesi bilen

view-icon 655
Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň we “TRASEKA: P ýol hereketiniň howpsuzlygy” taslamasynyň goldaw bermeklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanyp, maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň üstünden geçýän Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde guraldy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, IIM wekilleri, Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Global hyzmatdaşlygyň sebitleýin utgaşdyryjysy Liana Gukasýan “TRASEKA: P ýol hereketiniň howpsuzlygy” taslamasyna we TRASEKA-nyň sebitde ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreleri goldamakda Ýewropa Bileleşiginiň orny hem-de ýol-ulag wakalarynda ýüze çykýan töwekgelçilikleri azaltmak barada halkara tejribesine syn bilen çykyş etdi. Şeýle hem, bu taslamanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň Halkara Federasiýasy we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça, şeýle hem ýol-gurluşyk işlerine, awtomobil ulaglarynyň tehniki ýagdaýyna we sürüjä bildirilýän talaplary ýokarlandyrmakda uly göwrümli işleriň alnyp barylandygy nygtaldy, bu babatda kanunçylyk binýat berkidildi. Ýurduň orta okuw mekdeplerinde “Ýaşaýşyň esaslary” sapagynyň çäklerinde okuwçylaryň ählisi ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünlerini öwrenýärler. Her ýylda bir aýyň dowamynda bütin ýurt boýunça “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiň rahatlygy” ady bilen uly göwrümli çäre geçirilýär. Şu ýylyň fewral aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanda 2015-2020-nji ýyllarda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Milli maksatnamany we ony amala aşyrmak üçin Meýilnamany tassyklady.

Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýol-ulag wakalarynyň öňüni almagyň has netijeli usullary we çemeleşmeleri bilen tanyşdyryldy hem-de gözegçilik maksatnamasyny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak, bar bolan faktorlary nazara almak bilen, öňüni alyş çäreleri boýunça möhüm sapaklary ele aldylar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça mekdep okuwçylary üçin öwreniş maksatnamalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen maglumatlar möwsümini işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.