Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýy üçin demirbetonly karkasyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Gurluşyk işlerini Türkmenbaşynyň nebiri gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda “Döwletgurluşyk” hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Bu täze gurluşygyň hersi şäheriň bir künjeginde ýerleşýär. Olaryň biri Bahry-Hazaryň kenarynda, beýlekisi – Ruhyýet köçesiniň Türkmenbaşy-Awaza ýollarynyň kesişýän ýerinde ýerleşýär.
Binada 3-4-5 otagly öýler bolar. Olaryň her birinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen giň aşhana otagy, iki sany suwa düşülýän otag, mebel goýulan kömekçi jaýlar, tomusky eýwanlar göz öňünde tutulandyr. Girilýän eýwan, ýatylýan otag, myhmanhana, çagalar otaglary we beýleki otaglar häzirki zaman mebelleri bilen üpjün ediler.
Jaýlaryň gurluşygyna geçen ýylyň tomsunda bir wagtyň özünde başlandy. Ýörite tehnikalaryň, ýokary hünärli işgärleriň we maýa goýum tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde Ruhyýet köçesinde alnyp barylýan gurluşykda betondan guýulýan direg gurluşlar eýýäm 12-nji gatda guýulýar.Birinji gatdan bäşinji gatlaryň aralygy blok kerpiçleri bilen örülýär; açyk eýwanlarda germewler oturdylýar. Ýerzeminde we aşaky gatlarda jaýlary timarlamak we içki kommunikasiýalar üçin ugurlary abadanlaşdyrmak işlerine başlanyldy.
Bahry-Hazar köçesinde jaýlaryň gurluşygynda işler has hem guramaçylykly alnyp barylýar. Bu ýerde jaýlaryň boýy doly galdyryldy, olaryň diňe üstüni ýapmak işleri galdy. Altynjy gata çenli içki jaýlary suwamak işleri tamamlandy, indiki gatynda bolsa, diwarlaryň içki perimetri boýunça kerpiç örmek işleri alnyp barylýar. Timarlamak we tehniki işler binanyň ýokarky belligine golaýlaşýar.
Her bir jaýyň gurluşygy üçin iki gektar ýer bölünip berildi. Köp gatly binalaryň özleri, olar bilen ugurdaş binalar, bug gazanlary, suw sorujylar, transformator kiçi beketler we beýleki tehniki kiçi desgalar bölünip berilen ýeriň ýaryna golaýyny eýelär. Ýeriň galan böleginde bolsa sport we çagalar oýnar ýaly meýdançalaryň ikisi gurular, seýilgäh zolagy üçin ýer bölünip beriler, ýanýodalar we uly köçä çykmaga amatly bolar ýaly ýol çekiler.