Ï Ahalda abadançylyk boýunça gözden geçiriliş yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalda abadançylyk boýunça gözden geçiriliş yglan edildi

view-icon 1562
Ahal welaýatyny Kaka etrabynyň häkimligi ilatly nokatlary abadanlaşdyrmak we arassalamak boýunça geçirilen maslahatda raýatlaryň teklibini goldady we göreldeli mekdep, şäherçe, oba, iň gowy saglyk öýi, söwda nokady, ýaşaýyş jaýy atly gözden geçiriş-bäsleşigi yglan eti. Her bir ugur boýunça aralyk jemler maý aýynyň ahrynda jemlener. Ýeňijiler jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar garaşýar.

Etrapda soňky ýyllaryň dowamynda durmuş-medeniýet ähmiýetli desgalaryň birnäçesi guruldy. Häkimlik oba adamlarynyň ýaşaýyş şertlerini öwrenmek bilen, her bir ilatly nokadyň zerur bolan maddy-tehniki we maliýe zerurlyklaryny kesgitledi. Oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça strategiki meýilnamalar örän uly ykdysady çykdajylary talap edýär. Öz raýatlarynyň mynasyp durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmek üçin şular ýaly çäreler döwlet tarapyndan goldanylýar.

Maslahatda edaralaryň we kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we arçynlyklaryň wekilleri ilatyň köpçülikleýin gatnaşmaklarynda geçirilýän gözden geçirilişi obalaryň we şäherçeleriň daşky keşbini has hem abadanlaşdyrylmagyna özüniň oňaýly täsirini ýetirjekdigini bellediler. Munuň üçin bolsa,ilkinji nobatda, her bir adamynyň özüniň ýaşaýan ýeriniň töwereginiň has hem gözel we arassa bolmagy baradaky örän uly höwesi gerekdir.