Ï Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň maslahaty

view-icon 907
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň ýaşlarynyň “Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar” atly maslahat boldy. Oňa 800-den gowrak wekiller – ýurdumyzyň ýaş nesliniň, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň ýaşlar guramalarynyň wekilleri ýygnandylar.

Şeýle hem bu köpçülikleýin duşuşyga milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, ugurdaş düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serşdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar we orta mekdeplerde okaýanlar gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlaryň maslahatyna gatnaşyjylara Ýüzlenmesini içgin üns berip diňlediler. Döwlet Baştutanymyz bu maslahatyň ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam edýän häzirki nesilleriň beýik geljegi gurmakda, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmekde uly ähmiýetiniň boljaklygyna ynam bildirdi.


Milli Liderimiz bu Ýüzlenmede ýurdumyzyň kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek babatda beýik işleri amala aşyrmakda mähriban ýaşlarymyzyň giň dünýä garaýşyna, gujur-gaýratyna, döredijilikli we tutanýerli zähmetine daýanýandygymyz uly buýsanç duýgusyny döredýär diýip belledi. Beýik maksatlara diňe oýlanyşykly we döredijilikli işler, bedeniň we ruhuň kämilligi, ýeňişlere we üstünliklere bolan uly ynam bilen ýetip bolar. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur! Bu ýörelgeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde örän jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy tassyklandy. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, şeýle hem ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek üçin mundan beýläk-de örän oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berer. Şu resminama bilen baglylykda, kabul edilen Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli işlenip taýýarlanar.

Paýtagtymyzda geçirilen maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi hökmünde Döwlet maksatnamasy, onda öňde goýlan wezipeleri berjaaý etmek, Türkmenistanyň ýaşlar syýasatyny amala aşyrmakda täze resminamanyň ähmiýeti barada aýdyldy. Biziň ýaş watandaşlarymyz—talyplar, harby gullukçylar, daýhanlar, alymlar we maslahata gatnaşan beýleki wekiller bu Döwlet maksatnamasyna hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňünde durýan wezipelere degişli meseleler boýunça çykyş etdiler.


Çykyş edenler ýaş nesil baradaky aladanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny minnetdarlyk bildirmek arkaly bellediler. Ýurdumyzda ýaşlaryň ruhy we beden taýdan ösüşi, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagy, döredijilikli zähmet sekmegi, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we amatly ýaşaýşy üpjün etmek üçin ähli zerur şertleri döretmek arkaly, ýaş nesliň ata Watanymyza belent buýsanjy has-da artdyrylýar.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramasy bolup, döwletiň we ýaşlaryň bähbitlerini öňe sürmek arkaly, ýurdumyzyň ýaşlarynyň müňlerçesini öz hatarynda jemleýär. Bu guramanyň esasy wezipesi demokratik ýörelgelere ygrarly döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine ýardam bermekden ybarat bolup durýar.

Şu duşuşygyň barşynda-da Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň esasy wezipesini berjaý etmekde onuň işiniň netijeliligini artdyrmak bilen bagly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň täze görnüşleri we usullary, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri berjaý etmekde bu guramanyň ähmiýetini we jogapkärçiligini artdyrmak barada aýdyp, ýaşlara elmydama öz bilimlerini artdyrmagy, sowatly bolmaga çalyşmaga endik etdirilmegine ünsi çekip, munuň jemgyýeti ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de halkymyzyň ykbalyny we geljegini kesgitleýän möhüm şertleriň biri bolup durýandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, ýaşlary ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin sport hereketine mundan beýläk-de uýgunlaşdyrmak, ýaş nesilde sagdyn durmuş ýörelgelerini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek bilen bagly ugur boýunça geçirilýän we meýilleşdirilýän işler barada pikir alşyldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň bilimleriň derejesiniň, döredijilik mümkinçilikleriniň tehnologiýalarynyň ösüşi, dürli ugurlar boýunça ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagy bilen şertlendirilen we ozal görlüp-eşidilmedik giň gerimli ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan döwrüdir. Döwletimizde döwrebap sport desgalarynyň, okuw mekdepleriniň giň ulgamynyň döredilmegine, täze kompýuter tehnologiýalarynyň, multimediýa ulgamlarynyň, öňdebaryjy iş tejribesiniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Çykyşlarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna önjeýli goşant goşýan ýaşlar bilen has içgin işlemegiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Häzirki döwürde ýaşlaryň durmuş-ykdysady taýdan gazanylanlary, türkmen halkynyň belent ruhy däp-dessurlaryny dowam etdirmelidigi aýdyldy. Häzirki döwürde bolsa, ýaş türkmenistanlylara döredijilikli kämilleşmek hem-de özleriniň köp ugurly zehinini, ukyplaryny, mümkinçiliklerini äşgär etmek üçin oňaýly şertler döredilýär.

Maslahatdaky çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwleti ösdürmegiň täze tapgyrynda Ýaşlar guramasynyň, talyplaryň, ähli ýaşlaryň öňünde goýan anyk wezipeleri öz beýanyny tapdy hem-de Ýaşlar guramasynyň öz tagallalaryny gönükdirjek esasy ugurlary kesgitlendi. Munuň özi bilim, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesine hem-de bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmak ugrundaky başlangyçlary wagyz etmek bilen bagly ugurlardyr. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sany aýratyn-da ýaşlaryň arasynda has-da artdy. Hut ýurdumyzyň ýaşlary ata Watanymyza, eziz halkymyza ygrarly bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasyna iş bilen jogap bermek arkaly, hyjuwly we maksada okgunly ýagdaýda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar geljegi ugrunda häzirki döwürde beýik işleri mynasyp derejede dowam etmelidir.

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimize minnetdarlyk hatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ýaşlary barada aýratyn alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döredijilikli gözlegleriň, netijeli çözgütleriň we täzeçe çemeleşmeleriň häzirki ýaş nesliň wekilleriniň işiniň esasy ýörelgelerine öwrüljekdigine, Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, welaýat, etrap we şäher guramalarynyň işjeň agzalarynyň – ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň öz güýçlerini, bilimlerini, ukyplaryny we tejribesini döwletimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ata Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgeldilmegine gönükdirjekdigine ynandyrdylar.

Maslahata gatnaşanlaryň ählisi üçin niýetlenip, Türkmenistanyň ýaşlar guramalarynyň wekilleri tarapyndan “Mekan” köşgüniň eýwanynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylanlara bagyşlanan sergi guraldy. Sergide myhmanlara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň medeniýet, bilim, sport, syýahatçylyk, lukmançylyk we beýleki ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikli ösüşi äşgär edilýär. Bulardan başga-da, ýaşlaryň maslahaty mynasybetli “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.

Maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelenler üçin medeni-tanyşdyryş çäreleri guraldy. Şonda Aşgabadyň myhmanlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, paýtagtymyzdaky ýadygärlikler toplumyna bardylar, şol ýerde gül desseleri goýuldy.