Ï Ýollaryň howpsuz bolmagy ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýollaryň howpsuz bolmagy ugrunda

view-icon 706
Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan ýol hereketini dolandyrmak we howpsuzlygy boýunça maslahat geçirilýär. Maslahata Türkmenistanyň IIM paýtagt we welaýatlaryň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň maksatnamasyna Serbiýadan we Türkiýeden gelen bilermenler tarapyndan jikme-jik beýan edilen ýurt üçin möhüm meseleler goşuldy.

Türkmenistanda 2015-2017-nji ýyllarda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky milli maksatnamasy bu ulgamda bellenilen çäreleri amala aşyrmak boýunça maslahat beriş – tehniki goldawy berýän ÝHHG bilen döwlet guramalarynyň hyzmatdaşlyk edýän ugurlarynyň biridir.Ol IIM işgärlerini ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy iş tejribesi bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen dürli çäreleri geçirmekden, ýol-ulag hadysasynyň öňüni almak we duýdurmakdan, ulag hereketlerini monitoringiniň we dolandyrmagyň häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanda ulag sürýänler we pyýadalar üçin ýollaryň howpsuz bolmagy üçin zerur çäreler geçirilýär. Bu babatda ýurt daşary ýurtlaryň iň tejribelerini öwrenmek we özleşdirmek bilen, halkara özara hereket etmegiň mümkinçiliklerini hem peýdalanýar.