Ï Awaza etrabynyň täze gurluşyklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awaza etrabynyň täze gurluşyklary

view-icon 739
Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň binagärlik merkezi döredilýär. Ol ýaşaýyş jaýlaryny, dürli guramalaryň binalaryny we durmuş-medeni maksatly desgalaryny bütewi topluma birleşdirýär.

Täze binalaryň gurluşygy we degişli inženerçilik tehniki gurluşlar bu iri gurluşyk meýdançasynyň ähli böleklerinde iş meýilnamasyndan öňde barýar. Häkimligiň, 320 orunluk orta bilim berýän mekdebiň, 160 orunluk çagalar bagynyň, Saglyk öýüniň, polisiýa bölüminiň, ýangyna garşy göreş deposynyň we Awaza etrabynyň jemagat hojalygy gullugynyň binalarynyň gurluşyk işleri jemleýji tapgyrda barýar. Balkanyň ýöriteleşdirilen gurluşyk müdirligi bu gurluşygyň baş potratçysy bolup çykyş edýär. Desgalar hususy kärhanalara kömekçi potratçy hökmünde berildi. Türkmen firmalary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň möçberi ýedi bölegiň hemmesinde hem eýýäm ortaça 60 göterimden hem geçýär.


Häzirki günde Aşgabadyň “Tema” hojalyk jemgyýeti has güýçli depginde işleýär. Bu jemgyýet häzirki wagtda çagalar bagynyň gurluşyk işleriniň 75 göterimini ýerine ýetirdi. Bu mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň diňe içki jaýlarynda potolok goýmak, suwa düşülýän jaýyň, sanuzelleriň, ýapyk ýüzülýän howzy kafel bilen örtmek, şeýle hem howlynyň inženerçilik ulgamyny we ýanaşyk ýerleşýän çäkleri abadanlaşdyrmak işleri galdy. Binanyň daş ýüzi ýokary tehnologiýaly emeli mermer bilen örtüler, penjirelere bolsa plastiki aýnalar dakylar. Binany şertnama boýunça 2016-njy ýylyň maý aýynda tabşyrmaly, ýöne “Tema” HJ ony bir ýyl öň – şu ýylyň tomsunda tabşyrmagy göz öňünde tutýar.


Aşgabadyň “Asuda Türkmen” hususy kärhanasy hem Awaza etrabynyň jemagat-hojalyk müdirliginiň dolandyryş edarasynyň binasynyň gurluşyk işlerini çaltlandyrylan depginlerde alyp batýar. Bu ýerde işler 65 göterim ýerine ýetirildi. Dolandyryş binasynyň beton konstruksiýasyny we tehniki gurluşlaryny gurmak işleri tamamlandy, funksional we hyzmat ediş jaýlaryny, barlaghanany, naharhanany we mejlisler zalyny timarlamak işleri alnyp barylýar. Kärhananyň işçileri we hünärmenleri tehniki bölegiň, ýörite ulaglaryň goýulýan ýerlerini, awtoulaglary goýulýan ýeriniň, suw çüwdüriminiň, kiçi göwrümli binagärlik görnüşli desgalaryň gurluşyk işlerini bellenen wagtdan öňe geçip alyp barýarlar. Işleriň ýokary hilliligini saklamak bilen, olar bu desgalary tabşyrmagyň möhletini azyndan ýarym ýyl azaltmaga çalyşýarlar.


Mekdebiň, Saglyk öýüniň, ýangyna garşy göreşmek gullugynyň, polisiýa bölüminiň we etrabyň administrasiýasynyň binalaryny gurmak bilen meşgullanýan Aşgabadyň “Medet-Emir” hojalyk jemgyýetiniň we Balkanyň ýöriteleşdirilen gurluşyk müdirliginiň beýleki kömekçi potratçy guramalarynyň hünärmenleri hem öz öňlerinde şeýle maksady wezipe edinip goýdular.