Ï Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

view-icon 725
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda şu ýylyň 16-njy awgustynda geçirilmegi bellenen Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryndan hem-de merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalaryndan başga-da, milli synçylar--Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň jogapkär işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibindäki esasy mesele hereket edýän Saýlaw kodeksine laýyklykda 6-njy aprelden saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmekden ybarat boldy. Şunuň bilen baglylykda, dürli degişli meseleleriň ençemesine garaldy. Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna eýerýändigi babatda öňde boljak çäreleriň ähmiýeti nygtaldy. Welaýat saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň ýerlerde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleriniň barşy, şol sanda saýlaw okruglaryny döretmek baradaky habarlar diňlenildi.

Merkezi saýlaw topary ýokarda agzalan saýlawlary taýýarlamak hem-de geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Saýlaw resminamalarynyň blanklarynyň nusgalaryna, saýlaw toparlary üçin gollanmalara, milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýatlamalara, birnäçe beýleki degişli resminamalara garaldy we olar tassyklanyldy.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolmak bilen Geňeşler döwlet syýasatynyň işjeň wagyzçylarydyr, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelere we ösüşiň toplumlaýyn maksatnamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesiinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna pugta laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Mejlisin gatnaşyjylar saýlawlaryň aç-açanlygynyň hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirilmeginiň üpjün edilmegini, şeýle hem ilat arasynda zerur bolan düşündiriş işleriniň geçirilmegini ilkinji derejeli wezipeleriň hatarynda kesgitlediler.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar öňde boljak saýlawlaryň ýurduň jemgyýetçilik durmuşynyň aýdyň wakasy bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän gadym döwürlerden bäri hakyky halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerine ygrarly bolan türkmenleriň gadymy milli däplerini galkyndyrmak babatda türkmen jemgyýetini yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan işleriniň çäklerinde döwlet gurluşynyň nobatdaky tapgyryny alamatlandyrýandygyny nagtadylar.

Merkeziň saýlaw toparynyň mejlisiniň barşynda beýleki guramaçylyk meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.