Ï Suw çüwdürimindäki älemgoşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suw çüwdürimindäki älemgoşar

view-icon 1190
Bu günki gün Aşgabady suw çüwdürimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Öz bezelişi boýunça owadan, olar özleriniň asmana atylýan suw çüwdürimleri bilen şäheriň görküne görk goşýar. Olar paýtagtyň mahsus bolan keşbe eýe bolup, köçeleriň ugrunda, seýilgählerde we meýdançalarda mynasyp orny eýelediler.


Suw çüwdürimleriniň öz gözelligi bilen bizi haýran galdyrmagy üçin olary aýawly saklap, wagtly-wagtynda arassalap durmaly. Bu işler bilen Aşgabat şäheriniň suw çüwdürimlerini ulanyş we hyzmat ediş müdirliginiň toparlary meşgullanýarlar.

Olaryň wezipesi, suw çüwdürimlerini degerli görnüşde saklamaly. Bu, şeýle seredeniňde çylşyrymly däl ýaly bolup görünse-de, bir toplumy arassalamak üçin giden bir günüň gidýär. Ynha-da maşinist-operator toplumyň dolandyryş ulgamyndaky köp sanly düwmejikleriniň arasyndan bir düwmäni basyp, suwuň akmasyny keser. Netijede bolsa güýçli asmana atylyp duran suw çüwdürimleri suw geçirijiler bilen yzyna-“öz öýlerine” gider. Şeýle seredeniňde suw howzunyň düýbi arassa ýaly bolup görünýär.

Hakykatda welin wagtyň geçmegi bilen howzuň diwarlary hapa ýygnaýar. Eger-de olary wagtly-wagtynda aýryp durmasaň, zyýanly bakteriýalar we güberçekleriň döremegi üçin oňaýly öýjügine öwrülýär. Häzirki zaman ýuwujy serişdeler suw çüwdürimlerini sanitariýa normalaryna laýyk gelýän kadada saklamaga mümkinçilik berýär.


Her bir suw çüwdüriminiň öz ölçegine laýyklykda öz rezerwuary bolýar. Suw bu ýere plastiki turbalar arkaly gelýär. Bu rezerwuar suwdan dolan badyna suw gelmesini öçürýän ulgam işläp başlaýar. Indi ondaky suw indiki arassalaýyş çäreleri geçirilýänçä aýlanyp durýar. Operator suw sorujylary işledip, rezerwuary suwdan doldurýar. Bir söz bilen aýdanyňda, suw çüwdüriminiň elektrotehniki enjamy örän çylşyrymly. Ol suw sorujylardan, süzgüç ulgamyndan, elekromagnit klapanlardan, dürli görkezijilerden, yşyklandyryjy çyralardan we dolandyrmagyň elektriki şitlerinden ybaratdyr.


Suw çüwdürimleriniň awtomatiki usulda dolandyrylýan ulgamy olary yşyklandyrmagy gerek wagtynda ýakyp hem öçürip bilýär, suwuň tebigy ýagdaýda bugarmagy we seçelenmegi ýagdaýynda howuzdaky suwy gerek derejede saklamaga mümkinçilik berýär. Mundan hem başga, ýeliň öwüsişine laýyklykda, suwuň çüwdürimini gerek beýiklikde saklamaga, suw sorujylary gury işlemekden goramaga, suwy süzüp durmaga, şeýle hem beýleki işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Suw çüwdürimleriniň her biri dolandyryş enjamy bilen üpjün edilendir. Paýtagtyň bu ulgamyna 697 adam hyzmat edýär.