Ï Watanymyzyň arassa asmanynda belentden pasyrda ýaşyl Tugumyz!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň arassa asmanynda belentden pasyrda ýaşyl Tugumyz!

view-icon 962
Mary şäherinde iň beýik 100 metrlik baýdak sütünini dikeltmek üçin gurluşyk işleri alnyp barylýar. Edil şunuň ýaly baýdak sütüni Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda hem gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şäheriň täze binagärlik ansambllary bilen gurşalan merkezinde belentden pasyrdar. Bu ýeri Ruhyýet köşgi, Kemine adyndaky Döwlet drama teatry, welaýat kitaphanasy we garşysynda Murgap derýasynyň ugrunda geçen ýyl ulanylmaga berlen “Mary” myhmanhanasynyň ýedi gatly binasy bezäp dur.


“Maksatly türkmen” hojalyk jemgyýeti şu wagt fundament işlerini ýerine ýetirýär. Bu ýerde ondan gowrak adam işläp, ýokary öndürijilikli tehnika ulanylýar.

Esasy gurluşyk işleri başlanmazdan öň inžener-geologik şertlere görä suw derejesini peseltmek çäreleri geçirilýär. Ondan soň emeli düýbi- bir metrlik çagyl “ýassygy” tutulýar. Her 20 santimetrden gatlaklar on iki tonnalyk wibrokatogy ençeme gezek geçirmek arkaly tapbatlanýar. 3.600 metr bellikde “JET - GROUT” tehnologiýasy esasynda onlarça pürsleriň çuňluga ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu ähmiýeti uly bolan desga şu ýyl ulanylmaga tabşyrmaklyk bellenilen.