Ï Ýada salyň...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýada salyň...

view-icon 692
Bäş ýyl mundan ozal “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti “Ildeşlerimiziň Reýhstagyň diwarynda galdyran ýazgylary” atly makalany çap etdi. Germaniýanyň ýaşaýjysy Inna Kirsanowanyň ýazan haty bu makalanyň çap edilmegine esas boldy. Onuň hatynda Reýhstagyň işgärleriniň onuň diwarynda galdyrylan ýazgylara uly hormat bilen we aýawly garaýandyklary, olaryň her birinde dürli kynçylyklara döz gelip, ýeňişler bilen Berline çenli ýetendikleri hem-de nesiller üçin öz ýazgylaryny ýadygärlik hökmünde galdyran öz Watanyna wepaly esgeri görýändikleri barada aýdylýar. Hatyň awtory Birnäçe esgerleriň uruşdan soňra öz galdyran ýazgylaryny görmek üçin Berline barandyklaryny belleýär. Bu maglumat resmileşdirilip, häzir Reýhstagyň arhiwinde saklanýar.

Taryhy binanyň diwarynda “Wasiliý Ýemelýanow Mary ş.”, onuň edil aşak ýanynda bolsa düşnüksiz ýazylan “Kabeýe(w); düşnükli ýazylan Maşaripow Türkmenistandan 6/5 45” ýaly galdyrylan fotosurata düşürilen ýazgylar I.Kirsanowanyň hatynyň üstüni ýetirdi. Hatyň awtory gazetiň sahypalarynyň üsti bilen biziň ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna “...45-nji ýylda galdyrylan ýazgylardaky atlaryň öz ýüzüni tapmaklary, uly ýeňişler bilen Berline çenli baryp ýeten we adamzadyň taryhynda Beýik Ýeňşiň ýüzünde ýazgy galdyran ýeňiji esgerleriň katalogyna girmekleri üçin” diýip, ýazgylary galdyranlara ýa-da olaryň garyndaşlaryna seslenmeklerini haýyş edip ýüzlenýär (şol wagtlar I.Kirsanowa bu katalogy düzmegiň üstünde işleýärdi).


Ynha, makala çap edilenden bäş ýyldan soňra ýazgylaryň biri – “Maşaripow Türkmenistandan 6/5 45” öz taryhyna eýe boldy. Bu weteran indi 25 ýyl bäri biziň aramyzda ýok. Ýöne onuň agtygy Azat Ýoldaşow ony gowy bilýär. Ýöne onuň uruş barada aýdanlaryny ýazyp alyp galmandygyna gynanýar.

Mätýakup Maşarypow Daşoguz raýonynyň (häzir S.A.Nyýazow ad.etrap) Altmyş obasynda dünýä inýär. Ol maşgalanyň ýeke-täk ogludy, özi hem ulylarydy. Tebigat oňa syrdam, uzyn boý, gelşikli sypat beripdi. Haçan-da onuň 16 ýaşy dolanda öz islegi bilen harby komissarlygyna barýar, bu ýeriniň işgärleri onuň ýaşyny göz öňünde tutman, Mätýakuby aragatnaşykçylar otrýadyna kesgitläp, urşa iberýärler. Öýde bolsa iki sany uýasy bilen ene-atasy galypdy.

Onuň gulluk edýän harby bölümi Ukrainany halas etmek ugrunda göreşip, gabawa düşýär. Şonda bu wakany esgerleriň köpüsi çekip bilmedi... Oglundan uzak wagtlap habar bolmansoň ene gözýaş döküp aglaýardy, kakasy muňa çydajak bolýardy, ýöne onuň kalbynyň çuňluklarynda näme-dir bir zatlar ony bimaza edýärdi, onuň ynamy örän ulydy. Ynha-da iki ýyldan soňra olaryň öýlerine üç burçly hat gelip gowuşdy... Onda nähili habar baka – ajymy ýa-da süýji? Ene-ata güýçli tolgunmak bilen bukjany açdylar, gör nähili bagtlylyk...! – olaryň ýeke-täk ogullary Mätýakup diri! Bu süýji habar derrew oba ýaýrady, onuň kakasy bolsa ýeke sygyrlaryny soýdy we öz şatlyklaryny paýlaşmak üçin bütin obany toýa çagyrdy.

Mätýakup Maşaripow bolsa Watan üçin, öz ene-atasy üçin, uýalary üçin, obadaşlary üçin, açyk asmanyň astyndaky parahat durmuş üçin söweşmegini dowam etdirýärdi. Uruş ýodalarydyr ýollary bilen Berline baryp ýetdi, birnäçe gezek ýaralandy, 1946-njy ýylda bolsa öýe dolanyp geldi. Onuň egnindäki köýnekde sylaglary: I derejelei Watançylyk ordeni, Gyzyl Ýyldyz ordeni, III derejeli Şöhrat ordeni, “Kenigsbergi alandygy üçin” medaly ýalpyldaýardy.

Mätýakup Maşaripow uruşdan soňra bütin ömrüni obasynda ýaşady, mehanik bolup işledi, ýedi çagany terbiýläp, ösdürip ýetişdirdi. Onuň Reýhstagda galdyran ýazgysy barada diňe onuň ýakyn hossarlary bilýärdiler, Mätýakup özüni hiç wagt hem gahryman hasap etmeýärdi. Sebäbi ol Watan öňündäki mukaddes borjuny ýerine ýetiripdi ahbetin.