Ï “Ene mähri” merkezi: enäniň bagtynyň hatyrasyna innowasion tehnologiýalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ene mähri” merkezi: enäniň bagtynyň hatyrasyna innowasion tehnologiýalar

view-icon 1609
Şu ýyl Halkara lukmançylyk merkezleriniň düzümine girýän enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň işgärleri üçin aýratyn şanly ýyllaryň biridir. Iýul aýynda biz ýurduň lukmanlarynyň ählisi bilen bilelikde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyny belläris, dekabr aýynda bolsa, Türkmen döwletine bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 20 ýyllygy baýram edilýän gününde “Ene mähri” merkeziniň açylanyna 10 ýyl dolýar.

Şu ýyllaryň dowamynda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesi we iň täze tehnologiýalar netijesinde, şeýle hem telelukmançylygyň mümkinçilikleri netijesinde, bu “Ene merkezi” enäniň çaganyň saglygyny goraýyş merkez ýurduň lukmançylyk merkezleriniň iň meşhurlarynyň birine öwrüldi. Iň täze kommunikasion we kompýuter tehnologiýalary aralygyň näçedigine garamazdan ýokary hünärli hünärmenleriň täsirini ýetirip bilýär, özi-de hem planly we tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin, hem keselleri anyklamaga, öňüni almaga we bejermek ulgamynda maslahatlary bermäge we tejribe alyşmaga, enelere we çagalara ýokary tehnologiki kömekleri bermäge, iň ýokary hilli hyzmatlary etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda bu merkez akuşerlik-ginekologiki operasiýalaryň ählisini geçirmek mümkinçiligine eýedir. Häzirki zaman tikin materiallaryny we anesteziologiýa usullarynyň ulanylmagy, lukmançylygyň bu ulgamyna halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagy we beýlekiler merkeziň hünärmenlerine keselleri irki döwürde ýüze çykarmak, ambulatoriýa kömeklerini giňeltmek we hilini gowulandyrmak boýunça çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýär.

Kömekçi reproduktiw tehnolgiýalaryň we genetikanyň barlaghanasy - Orta Aziýa sebitinde iň iri we iň ýokary tehnologiýaly bolan biziň “Ene mähri” ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkezimiziň aýratyn buýsanjy bolup durýar. Ol 2007-nji ýylda döredildi hem-de işläp başlady.

Bu ýerde Siemens, Leica, Binder, Karl Storz ýaly dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy lukmançylyk tehnikasy işleýär. Barlaghananyň açylmagy bilen, bilelikdäki türkmen-german taslamasy işläp başlady. Onuň çäklerinde lukmançylyk iş tejribesine innowasion tehnologiýalar ornaşdyryldy. Şeýle hem bu merkeziň lukmanlary Germaniýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň öňdebaryjy keselhanalarynda iş tejribelerini geçip geldiler.

Häzirki wagtda “Ene mähri” merkeziniň barlaghanasynyň işgärleri önelgesizligi, hromosom we gen derejesinde, şol sanda FISH tehnologiýasy hem, dünýäde belli tehnologiýalaryň ählisinden baş çykarýarlar. Ol hromosom we genetiki kesellerde embrionlary öwrenmegi göz öňünde tutýar. Mundan hem başga häzirki wagtda biomateriallar banky döredilýär. Onda olar Selsiýu boýunça 190 sowuk derejede saklanylýar we 50 ýylyň dowamynda ulanylyp biliner. Bu häzirki gün – ýurduň saglygy goraýşy üçin hakykata laýykdyr.

Şeýlelikde, bize üç sany sagdyn gyzlary bolan är-aýal ogullarynyň bolmagyny isläp, ýüz tutdular. Ýokary lukmançylyk tehnologiýalary we kömekçi reproduktiw tehnologiýalar we genetika barlaghanasynyň hünärmenleriniň ýokary hünär ussatlygy netijesinde bu maşgala uly bagta we döwlete eýe boldy – maşgalada üçem oglan dünýä indi.

Beýleki bir pasient zenan 53 ýaşynda ilkinji sapar eje boldy. “Ol öz şatlygyny paýlaşyp: Bu ýaşda, haçan-da adam eýýäm barjamly we üpjün ýagdaýda, durmuş meseleleriniň ählisini çözen halatynda, çagaly bolmak we ony terbiýelemek – bu hakykatdan hem hakyky Bagt” diýip, aýtdy.

Biziň merkezimiz bu tehnologiýalary ýakynda ulanyp başlan bolsa-da, ýurduň lukmançylyk ylymlarynyň gazananlary netijesinde dünýä inen çagalar eýýäm 2014-nji ýylda mekdebe gatnap ugradylar.

Bu merkeziň möhüm ugurlarynyň biri hem wagtyndan has ir dünýä inen we agramy ýeňil bolan çagalary götermekde we olara seretmekde häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak bolup durýar. Düwünçegiň göwredäki ýagdaýyny anyklamakda, onuň ösüşine gözegçilik etmekde häzirki zaman ylymynyň ösdürilmegi, ýokary tehnologiýalar patolagiýany irki möhletlerde ýüze çykarmaga, çylşyrymly göwreliligiň her bir ýagdaýyna aýratynlykda gözegçilik etmäge we çaga dogmagynyň möhletini kesgitleýär.

Biziň merkezimizde dünýä inen iň kiçijik çaganyň agramy 460 gram boldy, ol emeli usullarda ösdürildi we ynha indi iki ýyl bäri bolsa ol öz ene-atalaryny şatlandyryp gelýär.

“Ene mähri” merkeziniň lukmanlary her ýylda Ýewropanyň reproduksiýa we embriologiýa assosiasiýasy tarapyndan guralýan kongrese gatnaşýarlar. Bu bolsa enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş gullugyny ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge, enajamlaryň täze görnüşleri we çykdajy materiallar bilen tanyş bolmaga, dünýä ylymlarynyň gazananlaryny we öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ýurduň saglygy goraýyşynyň iş tejribesine üstünlikli ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.