Ï Hünärmenler ýaşaýyş jaýlarynyň energoauditiniň öňdebaryjy tejribesine garap geçdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hünärmenler ýaşaýyş jaýlarynyň energoauditiniň öňdebaryjy tejribesine garap geçdiler

view-icon 651
Türkmenabatda we Aşgabatda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň hyzmatdaşlyk etmeklerinde BMGÖM “Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý böleginde energonetijeliligi gowulandyrmak” taslamasynyň çäklerinde “Ýaşaýyş jaýlarynda energetiki auditini geçirmek” treningleri geçirildi.

Maslahatyň dowamynda energoauditi geçirmek we tehniki binalary taýýarlamak, ýaşaýyş jaýlaryny energetika taýdan pasportlaşdyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Wagtyň esasy bölegi esasy ýylylyk goraýjylaryň hasabyny etmäge we jaýlaryň energonetijeliligini ýokarlandyrmaga sarp edildi.

Maslahatlaryň teoretiki bölegi tamamlanandan soňra olara gatnaşyjylar iş ýüzünde ýaşaýyş jaýlarynyň görkeziş meýdançalarynda gerek bolan ölçegleri geçirdiler, maliýe çykdajylarynyň bahasy bilen energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmak boýunça teklipleri we tehniki çözgütleri işläp taýýarladylar.

Öň şular ýaly treningler Mary we Daşoguz welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde geçirildi. Ýaşaýyş jaý gaznasynyň desgalarynda öňünden audit geçirilmegi energonetijeliligi ýokarlandyrmak barada ädilen möhüm ädimdir.