Ï Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn durmuş ýörelgesi – beýleki ýurtlar üçin görelde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn durmuş ýörelgesi – beýleki ýurtlar üçin görelde

view-icon 1070
Her ýylyň maý aýynyň 31-ne Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan tassyklanan Çilimkeşlige garşy bütindünýä göreş güni bellenilip geçilýär. Bu halkara senesiniň öň ýanynda BSGG Ýewropa sebitleýin edarasynyň çilime gözegçilik edýän maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Kristina Mauer-Ştender biziň habarçymyza interwýu berdi. Duşuşyk BSGG edarasynyň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maglumatlar merkeziniň goldamagynda Aşgabat-Kopengagen Internet-maslahaty görnüşinde boldy.

- Bütindünýä guramasynyň çilim çekmeklige garşy göreş boýunça alyp barýan işleriniň esasy maksady Ýewropa sebitiniň ýaşaýjylaryny bu zyýanly endikden azat etmek we ýurtlaryň temmäkiden azat zolaklaryny döretmek bolup durýar. BSGG şeýle işjeň hereketlerini näme bilen düşündirip bolar?

- Her ýylda dünýä boýunça temmäkiniň ulanylmagy netijesinde ýa-da temmäkiniň tüssesiniň täsiri netijesinde alty million töweregi adam ölýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baha bermegine görä, eger-de netijeli çäreler görülmese, onda 2030-njy ýylda bu san sekiz milliondan hem geçer. BSGG temmäki çekmegi adam saglygy üçin iň bir howply pişe bolup durýar diýip baha berýär. Bu ýeňil bolmadyk närselik bilen dünýäniň ýurtlary çaknyşdy. Ol ölüme we kesele sezewar edýär, ýöne olaryň köp babatda öňüni alyp bolýar we temmäki çekmeklige gözegçiligi etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň kömegi bilen olara garşy üstünlikli göreşip bolar. Ýewropa döwletleriniň birnäçesi golaý geljek üçin temmäkiden azat ýurt derejesini gazanmak boýunça ýörite maksatlaýyn görkezijileri kesgitlediler. Meselem, Şotlandiýa bu derejä 2034-nji ýylda gazanmagy, Irlandiýa – 2025-nji ýylda, Finlýandiýa – 2040-nji ýyla çenli gazanmagy maksat edinýärler.

- Bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan işine siz nähili baha berýäňiz?

2000-nji ýyldan bäri Türkmenistan temmäkä garşy göreşmekde guwandyryjy ösüşler gazandy. Bu bolsa 2025-nji ýyla temmäkiden azat ýurt diýen derejäni almak barada öňde goýlan maksatnama ýetiljekdigini tassyklaýar. Şonda Türkmenistanyň ilatynyň diňe 5 göterimi çilim çeker.

Ýurtda birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Olardan 2000-nji ýyldan başlap jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegiň gadagan edilmegini, 2003-nji ýyldan başlap awtoulaglarda çilim çekmegiň gadagan edilmegini, 2004-nji ýyldan başlap nas atmagyň gadagan edilmegini, 2008-nji ýyldan başlap nasy taýýarlamagyň, importy we ýaýradylmagynyň gadagan edilmegini, 2013-nji ýylda temmäki tüssesinden raýatlary goramak we temmäkiniň ulanylmagy netijesinde ýetirýän zyýanyndan goramak hakyndaky kanuny görkezmek bolar. Türkmenistan 2011-nji ýylda BSGG Çarçuwaly Konwensiýasyny ratifisirledi we soňra temmäkä garşy göreş boýunça Milli edaraara utgaşdyryjy komitet döredildi. Onuň wezipesi bolsa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak we 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen 2012-2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş boýunça hereket etmegiň Milli meýilnamasyna baha bermek bolup durýar.

Temmäkä garşy göreşde çäreleriň yzygiderli we işjeň geçirilmegi Türkmenistanyň uly ýaşly adamlarynyň arasynda çilim çekýänleriň pes derejesi öz beýanyny tapdy. 2013-nji ýylda geçirilen milli gözleg işleri Türkmenistanyň ilatynyň 8 göteriminiň çilim çekýädigi anyklanyldy. Bu diňe bir BSGG Ýewropa sebtinde pes dereje bolman, eýsem bütin dünýäde hem pes derejedir. Ýogsada, BSGG Ýewropa sebiti beýleki sebitlere garanyňda çilim çekmekde iň ýokary görkezijini – 28 göterimi görkezýär.

- Bu meselä jemgyýetiň ünsüni çekmek usullarynyň biri hem Çilimkeşlige garşy bütindünýä göreş güni bolup durýar. Onuň bu ýylky temasy nähili?

- Her ýylyň maý aýynyň 31-ne Çilimkeşlige garşy bütindünýä göreş güni bellenilip geçilýär. Ol temmäkiniň ulanylmagy bilen bagly howplar bilen özüne çekýär, ony ulanmagyň azalmagy babatda netijeli işleri wagyz edýär. 2015-nji ýylda onuň esasy temasy pes girdejili ilatyň bir bölegi hem-de çagalar üçin, şeýle hem jemgyýetiň arasynda deňsizlik, şol sanda saglyga ýetirýän zyýanynyň derejesini ýokarlandyrýan, çilimleri elýeterli edýän temmäki önümleriniň bikanun söwdasyny aradan aýyrmak bolup durýar. Bikanun söwdany peseltmek üçin bir ýere jemlenen zerur çäreler halkara hyzmatdaşlygyny, salgytlary dolandyrmagy güýçlendirmegi, kanunyň kadalarynyň ýerine ýetirilişiniň derejesini ýokarlandyrmagy, şeýle hem derrew we berk jerime sanksiýalaryny öz içine alýar.Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň eliminasiýasy boýunça ratifisirlenen Protokolyň ýewropa hökümetleriniň ählisi üçin girdejileri artdyrmak, şeýle hem temmäki bilen baglanyşykly ölümleri we keselleri azaltmak iň ýokary ugur bolup durýar. Türkmenistan eýýäm Protokoly ratifisirledi, siziň ýurduňiz onuň düzgünlerini berk ýerine ýetirýär. Bu ugurda Türkmenistanyň öňbaşçy bolmagy we temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň eliminasiýasyny wagyz etmek beýleki döwletler üçin delillendirilen nusga bolup biler.

* * *

Ýakynda biziň ýurdumyza BSGG Ýewropa boýunça edarasynyň ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek we saglygy berkitmek bölüminiň direktory Gauden Galea geldi. Ol Türkmenistanyň diňe bir temmäki tüssesiniň öňüni almakda degerli çäreleri geçirmän, eýsem ýokanç däl keselleriň beýleki alamatlary boýunça hem degerli çäreleri geçirýär. Bu meseleler iýul aýynda Aşgabatda geçiriljek “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara maslahatynyň gün tertibinde öz ornuny tapar diýip, ol aýtdy. Onuň taýýarlyk işlerine BSGG Ýewropa sebitleýin guramasynyň bilermenleri işjeň gatnaşarlar.