“Daýanç” çagalar sagaldyş merkezi ýokary hilli hyzmaty üçin Türkmenbaşy şäheriniň Birleşdirilen kärdeşler arkalaşygynyň we şäher häkimligi tarapyndan guralan Gran-pri bäsleşiginde Hazaryň kenarynyň iň gowy sagaldyş öýi diýlip ykrar edildi. 1-nji iýunda “Daýanjyň” döredilenine 5 ýyl boldy. 2-nji iýunda bolsa bu ýerde şu ýylky tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. “Daýanjyň” durky täzelenen binalary bir wagtyň özünde çagalaryň 280-ni we ulularyň 120-ni kabul edip bilýär. Dynç aljaklara oňaýly 2 we 3 adama niýetlenen otaglar garaşýar. Naharhanalar, medeniýet merkezi, sport we lukmançylyk toplumlary aýratynlykdaky binalarda ýerleşýär. Hytaý, golland roza bägülleri ösüp oturan abadanlaşdyrylan çäklerde tomusky amfiteatr, tennis korty, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin abzallaşdyrylan sport meýdançalary, suwda ýüzülýän howuz we akwapark ýerleşýär. Lukmançylyk bölüminde ýokary hünärli lukman hünärmenler tarapyndan saýlanyp alynýan şahsy görnüşde dürli bejergileri alyp bolar.
Şeýle hem dynç alýanlara SPA-nyň giden bir toplumy – gidroowkalama toplumy, ýod-bromly we ösümlik wannalary, palçyk bejergileri hödürlenilýär. Gyşyna lukmançylyk bölüminde gyzdyrylan deňiz suwly ýapyk görnüşli howuz işleýär.
Çagalaryň doly bahada dynç almaklary üçin ýurduň ähli welaýatlaryndan iň gowy mugallymlar “Daýanja” iş sapary bilen ugradylýar. Olar çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmeklerine , beden taýdan sagdyn bolmaklaryna we intellektual taýdan ösmeklerine kömek edýärler. “Daýanjyň” ýolbaşçylygynyň hasap edişi ýaly, tomus möwsüminde bu ýerde bir ýarym müňden hem gowrak çaga dynç alar.
-Häzirki wagtda biziň merkezimiz dört ugur boýunça – bejeriş-öňüni alyş, çagalar dynjy, maşgala bolup dynç almak we işewürler merkezi ugry boýunça işleýär. Netijede bolsa biz 2012-nji ýyldan bäri bütin ýylyň dowamynda ýüz göterim derejede işleýäris diýip, “Daýanç” çagalar sagaldyş merkeziniň direktory Gahryman Babamyradow gürrüň berýär.
Merkezde köp sanly adamlar ýollanma esasynda dynç alýarlar. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminden başga hem, bu ýerde gyş paslynda beden taýdan mümkinçilikleri az bolan çagalara bejeriş işleri geçirilýär, şeýle hem hossary bolmadyk çagalar hem kabul edilýär. Ýylyň dowamynda "Daýanja" mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar öz ene-atalary bilen dynç almaga gelýärler. Biziň sagaldyş merkezimiz ulular üçin günde üç wagtyna, çagalar üçin – bäş wagtyna iýmitlenmegi üpjün edýär.
Häzirki wagtda biz işewür syýahatçylyk ugruny işjeň ösdürýäris. Merkezde dürli maslahatlary, sergileri, forumlary geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. Her ýylda biziň binýadymyzda işewürlik çäreleriniň 20-si töweregi geçirilýär. Işewürlik çärelerini guramakdan başga hem, biz olara gatnaşyjylara medeni maksatnamany, “Awaza”we Türkmenbaşy şäheri boýunça, katerde gezelenji teklip edýäris. Mundan hem başga, bu ýere gelýänleriň her biri sport toplumynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp biler hem-de sagaldyş çärelerini alyp bilerler. Bu ýerdäki ýokary hilli hyzmat ediş çäreleri islendik derejedäki wekiliýeti kabul etmäge mümkinçilik berýär.