Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginde täze nusgaly obanyň çäklerinde ýaşaýyş jaý desgalary, ýaşaýyş durmuş, medeniýet, dolandyryş, bilim ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.
“Daşoguzobagurluşyk” önümçilik birleşiginiň bölümleriniň toparlary tarapyndan ýeňilleşdirilen ipoteka karz pullary esasynda bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýetmiş bäşisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Geljekde bu öýlerde ýaşajaklar üçin ähli amatlyklar döredilýär. Otaglary giňeldilen ýaşaýyş jaýlarynda giň girilýän otag, giň myhmanhana otagy, oňaýly ýatylýan otag, ykjam aşhana otagy ýerleşýär. Ýylylyk özbaşdak işleýän ulgam bilen üpjün ediler. Täze obada ähli amatlyklary bolan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 156-sy bolar.
Be ýerde eýýäm milli binagärlik däpleri göz öňünde tutulan häzirki zaman şäher gurluşygynyň talaplaryna laýyk gelýän Geňeşiň dolandyryş binasynyň we Saglyk öýüniň binasynyň gurluşygy tamamlandy. Döwlet gurluşyk kärhanalaryna telekeçilik gurluşlaryna ynanylan desgalaryň arasynda çagalar bagynyň, orta okuw mekdebiniň, Medeniýet öýüniň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň, söwda merkeziniň, Durmuş öýüniň, azyk we senagat harytlary dükanlarynyň, Toý-dabaralar merkeziniň binalary bar.
Şeýle hem, oba ýerinde emele gelýän täze ýaşaýyş toplumynda häzirki zaman inženerçilik-tehniki we ulag-kommunikasiýa gurluşlarynyň talaplaryna laýyk gelýän gurluşlar döredilýär.