Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara çäreleriniň çäklerinde derman serişdelerini goramagyň dürli hukuk we amalyýeti boýunça iki günlük sebit okuw maslahaty öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy hem-de Ýewraziýa patent guramasy bilelikde guraýar. Duşuşyga Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Ukrainadan, Şweýsariýadan, Gazagystan Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşýarlar.
Maslahatyň barşynda derman serişdelerini goramak, dermanlyk serişdelere bolan elýeterliligi üpjün etmek, biotehnologiýa we derman senagatynda patentleri ulanmak bilen baglanyşykly çykyşlar boldy.
Okuw maslahatyna gatnaşan türkmen hünärmenleri bu ulgamda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda netijeli intellektual eýeçilik ulgamy döredildi. Bu ulgamda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň gol çeken milli kanunçylyk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda ýola goýulýar. Ol senagat nusgalaryny taýýarlamaga degişli patentleri, söwda nyşanlaryna we hyzmatlara bolan şahadatnamalary bermegiň esasynda senagat eýeçiligindäki desgalaryň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün edýär.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar köp ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden we döwlet syýasatynyň ylmy ugurlaryny işläp taýýarlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Mälim bolşy ýaly, milletiň saglygyny we onuň genofondyny berkitmek, adamlaryň ömrüniň uzaklygyny artdyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bu maksatnamada kesgitlenen esasy wezipelerdir.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda dermanlyk serişdeleriň patent goraglylygynyň we olara bolan elýeterliligiň üpjün edilmeginiň möhümdigi barada aýdyldy. Okuw maslahatynda çykyş edenler dünýä patent ulgamynyň çäklerinde saglygy goraýyş we bazarlary zerur dermanlyk serişdeler bilen üpjün etmek ulgamyndaky milli syýasatyň kadalaşdyrylmagyna mümkinçilik berýän netijeli gurallaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu mesele boýunça meşgullanýan düzümleriň arasynda gatnaşyklaryň artdyrylmagynyň zerurdygy barada aýtdylar hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahat ertir öz işini dowam eder. Sebit okuw maslahatynyň çäklerinde duşuşyklary geçirmek meýilleşdirildi. Dermanlyk serişdeleriň patent goraglylygy bilen baglanyşykly hukuk meseleleri duşuşyklaryň baş mowzugyna öwrüler.