“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň suwa düşülýän zolagynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy boýunça balkanly gurluşykçylaryň türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde gurmaklarynda umumy meýdany 50 müň inedördül metr bolan medeni-dynç alyş merkezli owadan seýilgäh guruldy.
Seýilgähiň ýerleşen ýeri bolan tebigy depe landşaft arhitekturasynyň we tebigaty goraýşyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda guruldy.
Baýryň depesine bezeg, gyrymsy agaçlar we güller ekildi. Yşyklandyryjylar oturdylan pyýadalar üçin ýodalar plitkajyklar bilen bezeldi. Bu ýoda emeli derýadyr çeşmeler guýýan kiçijik köle alyp baryp, oňa guýulýan suwlaryň täsiri netijesinde bolsa bu ýerde özboluşly salkynlygy emele getirýär.
Basgançak bilen deňze barýan giň merkezi alleýany göni burçly mermer sütünli görnüşdäki suw çüwdürim sagat tamamlaýar, onuň eteginde bolsa altynsow delfinler “oýnaýarlar”. Bu ajaýyp binanyň gurluşy gündogar köşkleriniň owadan sütünlerini ýadyňa salýar we bir wagtyň özünde hemmelere mälim bolan london Big-Benini – iňlis parlamentiniň öňündäki gözegçilik diňini ýadyňa salýar.
Baýryň tebigy öňe çykyp duran ýerlerini gurluşykçylar ekzotiki baglary we gülleri gezekleşdirip ekip, emeli taýdan gözegçilik edilýän meýdança öwürdiler.
Seýilgähiň aşak eteginde owadan telärleriň we çagalar oýun meýdançalarynyň gurşamaklarynda 9D-kinoteatrly we bu ýerde ýaşajyk dynç alýanlar üçin oýun awtomatlary bilen iki gatly medeni-dynç alyş merkezi ýerleşýär. Ikinji gatda lobbi-bar we bilýard ýerleşýär. Şeýle hem bu meýdançada dükanlar we bir gatly dabaralar geçirilýän zally testoran-bar ýerleşýär, onuň üçeginde bolsa deňze bakyp duran tomusky kafe üçin ýer tapylypdyr.
Bu ýere gelýänler üçin has oňaýlyklary döretmek maksady bilen, azyk iýmitleri, sowadylan şireli içgileri we kenar üçin niýetlenen harytlar, çişirilýän düşekçeler, ýüzüş enjamlary we žilet satylýan mini-market döredildi. Dükandan iki ädim golaýlykda gerek bolan ähli enjamlar bilen üpjün edilen deňziň suwa düşülýän kenary ýerleşýär. Dynç alyş möwsüminiň gyzgalaňly günlerinde agaç krowatlar, ýeňiljek kürsileri we beýleki ugurdaş inwentarlary kireýine berýän nokatlar işlär.
Şu ýyl “Awaza” dynç alyş merkezinde täze gurluşyklaryň ýigrimisi töweregi täze gurluşyklary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Özüniň owadanlygy bilen özüne çekýän Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň oýun awtomatlary, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň oýun attraksionlar parky, “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň sport toplumy we beýleki gurluşlar olaryň hataryna girer.