Ï Awazada “Merdana” myhmanhanasynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada “Merdana” myhmanhanasynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär

view-icon 981
>"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy 324 orunlyk 5 ýyldyzly myhmanhananyň açylyşyna taýýarlyk görülýär. Ony Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmasy boýunça “Rysgally zähmet” hususy kärhanasy bina etdi.

60 müň inedördül metr meýdany eýeleýän myhmanhana toplumynyň düzüminde sport desgalary, suw howdanlary, kiçi göwrümli binagärlik düzümleri we beýleki kömekçi jaýlar bolar. 12 gatly myhmanhananyň baş binasynyň meýdany ýedi müň inedördül metre golaýdyr. Mundan başga-da onuň ýokarky tehniki gaty we ýer asty jaýlary bardyr, olarda kir ýuwujy, ammar jaýlary we beýlekiler ýerleşdiriler.

Myhmanhananyň birinji gatynyň aýna ýaly ýalpyldaýan nagyşlanan granit polly giň ýagty eýwanynda myhmanlar üçin kabulhana we bar göz öňünde tutulandyr. Ikinji gatda myhmanhananyň çep we sag tarapky binalaryny birleşdirýän köprüjik gurnalandyr. Bu ýerde iki sany ýolagçy lifti we üç sany ýük gatnadýan liftler bar.

Birinji gatyň sag tarapynda bejeriş-maşk we sagaldyş-öňüni alyş terapiýasy otaglary, köpugurly SPA salon hem-de fitnes-zal ýerleşýär, olar häzirki zaman türgenleşik enjamlary we beýleki zerur abzallar gurnalandyr. SPA-salonda suw bilen bejermegiň häzirki zaman kadalaryna laýyklykda ýüzülýän suw howdany, jakuzi, gyzgyn-sowuk duş, fin, rus, türk hammamlary we beýlekiler bar. Türgenleşik zalynda dürli maşklary ýerine ýetirmek üçin döwrebap enjamlar oturdylandyr.


Myhmanhananyň beýleki ganatynda deňiz görnüşini synlamak mümkinçiligi göz öňünde tutulan 200 orunlyk restoran we banket zaly ýerleşdirilendir.

Myhmanhanada amatly bir, iki orunlyk otaglar, dört orunlyk maşgala üçin niýetlenen otaglar, iki orunlyk “lýuks” otaglary, şeýle hem “King Suite” derejeli iki orunlyk apartamentler ýerleşýär. Täze bina myhmanlary kabul etmäge eýýäm taýýar edildi. Iki gatly medeni-dynç alyş merkezi hem myhmanhana toplumyna girýär.

Myhmanhananyň ikinji gaty oýun awtomatlary, bouling, bilýard we stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin niýetlenendir. Ol ýerde şeýle hem 150 orunlyk restoran we açyk kafe bar. Ýerleşdirilişiniň amatlylygy netijesinde dynç alyş binalary şypahana gelýänleriň uly gyzyklanmasyna eýe bolar.

Myhmanhananyň ýanaşyk çäklerinde köpsanly tomusky telärler gurnalandyr. Olaryň ýanynda fito-barlar ýerleşdiriler we dynç alýanlara sowuk içgileriň, doňdurmalaryň, miweleriň hem-de suýji-köke önümleriniň giň toplumy hödürlener. Söwda nokatlary ýüzüş howuzlarynyň golaýynda ýerleşdirilýär. Bu ýerde oýun oýnalýan meýdançalar, sallançaklar we aşagyna ýumşak düşekler düşelen hiňňillikler gurnalandyr. Şeýle hem iki sany tennis meýdançasy, woleýbol we basketbol oýnamak üçin oýunlary hem göz öňünde tulan köpugurly kiçi futbol meýdançalary bar.

Özboluşly dürli reňk öwüşginleri bolan basgançakly çuwdürimiň gurluşygy dowam edýär. Iki sany her biri 44 awtoulaga niýetlenen duralga biri-birine golaý ýerleşdirilendir. Olaryň arasynda telärli, dürli gülleri we agaç nahallaryny özünde jemleýän seýilgäh zolaklarynyň ikisi gurnalandyr.

“Merdana” myhmanhanasynyň esasy girelgesinden deňze tarap ýoda alyp gidýär. Ol ýanýodalarynyň üsti bilen myhmanhananyň daşky eýwanyndan geçip, suw oýunlary toplumynyň çäklerinde dowam edýär we deňziň kenaryndaky pyýadalar üçin ýodajykdan geçip, gämi duralgasyna barýar. Kiçi göwrümli gezelenç etmek, suwa düşmek we balyk tutmak üçin niýetlenen gämi duralgasy üç dişli Neptun görnüşinde demir diregleriniň üstünde berk tagtalardan gurnalandyr. Bu bolsa dynç alýanlaryň aňyrbaş amatlylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Myhmanhana toplumynda gurluşyk işleri tamamlandy diýen ýaly, şol bir wagtyň özünde eşik çalşydýan otaglar, duş we beýleki zerur goşmaça jaýlar göz öňünde tutulan kenarýaka suwa düşülýän zolakda işler dowam etdirilýär. Myhmanhana toplumynyň açyljak gününe çenli suwa düşülýän zolaga bejerijilik häsiýetleri bilen meşhur bolan “Garşy” künjekden ownuk balykgulakly deňiz çägesini getirmek göz öňünde tutulýar.