Ï Daşoguzda salgyt gullugynyň täze binasy ulanmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda salgyt gullugynyň täze binasy ulanmaga berildi

view-icon 684
Daşoguz şäherinde Döwlet salgyt gullugynyň welaýat we şäher bölümleriniň üç gatly edara binasyny ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. Täze binany “Daşoguznebitgazgurluşyk” birleşiginiň 4-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň işgärleri gurýar. Binada mejlisler zaly göz öňünde tutulandyr, iş orunlary häzirki zaman kompýuter tehnikasy we mebeller bilen üpjün edilendir.

Häzirki wagtda binada soňky timarlaýyş işleri geçirilýär, aragatnaşyk, ýyladyş we suw geçiriş ulgamlary geçirilýär. Inžener-tehniki ulgamlaryň özbaşdak iş usuly suwuň, ýylylygyň we elektrik energiýasynyň bökdençsiz üpjünçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylýar. Bu ýerde ýaş agaç nahallary oturdyldy.

Täze bina Daşoguz şäheriniň günorta-günbatar bölegini bezär, bu ýerde soňky bäş ýylyň dowamynda 10 müň orunlyk stadionly sport toplumy, Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw binalary, welaýat gümrük gullugynyň üç gatly edara jaýy, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary we beýleki binalar peýda boldy.