Ï Ýaşlyk merkezleri Gökderede sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlyk merkezleri Gökderede sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýärler

view-icon 787
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeňleri tarapyndan Aşgabat we Mary şäherlerinde döredilen “Y-PEER” ýaşlar merkezleri ýetginjekleriň köp gelýän, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty wagyz edilýän merkeze öwrüldi.

Şu tomus möwsüminde ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde ýaşlar merkezleri çagalar sagaldyş merkezlerinde ýörite çäreleri geçirdiler. Ýakynda “Y-PEER”-iň meýletinçileri alyp barýan maglumat bilim çäresine Gökderäniň sagaldyş merkezleriniň 14-sinde dynç alýan deň-duşlaryny hem çekdiler.

Paýtagtymyzyň ýaşlar merkeziniň utgaşdyryjysy Maýa Meretgulyýewanyň belleýşi ýaly, bu başlangyç ýaşlaryň saglygy goramak we berkitmek meselelerinde habardarlygyny ýokarlandyrmaga, durmuş işjeňligi, ahlak däplerine we ruhy taglymlary, öz saglygyňy aň-düşünjeli garamak, bedenterbiýe bilen meşgullanmak ýaly şahsy häsiýetleriň emele gelmegine gönükdirlendir, bu bolsa durmuşda üstünlik gazanmagyň möhüm şertleridir.

“Deň – öz deňi bilen” diýen tertipde guralan öwrediji sapaklar arassa howada – amatly gurnalan telärleriň astynda we gök öwüsýän çemenzarlyklarda geçirildi. Şunuň ýaly okuwlar görkeziş – usulyýet serişdeleriniň peýdalanylmagy bilen interaktiw görnüşinde geçirildi. Her bir dersiň oňat özleşdirilmegi üçin olaryň yz ýanyndan sowal bermek usulynda bäsleşikler geçirilip, tapawutlananlara ýörite baýraklar gowşuryldy.

Çärä gatnaşyjylaryň ählisine “Y-PEER” ýaşlar merkezleriniň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýan maglumat bukjalary gowşuryldy, şeýle hem olarda “gyzgyn ulgam” (ynam telefony) görkezilýär, bu Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky maglumatlar merkezi tarapyndan goldanylýar.

Tutuşlygyna alnanda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek çäresine 3 müň 390 ýetginjek gatnaşdy. Şunuň ýaly çäre Gökderäniň çagalar sagaldyş merkezlerinde awgust aýynyň dowamynda ýene-de geçiriler. Şeýle hem tomusky dynç alyş döwründe Aşgabadyň we marynyň

“Y-PEER” merkezlerinde ýetginjekleriň hataryndan meýletinçileri taýýarlamak boýunça ýörite okuwlar geçiriler. Bu okuwlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.