Ï Ýurdumyzyň derman senagaty täze görnüşli önümleri çykardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň derman senagaty täze görnüşli önümleri çykardy

view-icon 821
Geçen ýylyň güýzünde ulanmaga berlen ýurdumyzyň derman senagatynyň kärhanalary tarapyndan täze önümler çykarylyp başlanyldy. Olar ýakynda geçirilen “Saglyk-2015” Halkara sergisinde ilkinji gezek görkezildi.

“Berzeňňi” bejeriş mineral suwuny öndürýän kärhanada witaminleriň toplumy bolan bejeriş suwunyň esasynda witaminli içgini taýýarlama girişildi.


Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky ýod öndürilýän kärhanada zyýansyzlandyryjy serişde hökmünde ulanylýan spirt erginleri çykarylyp başlandy. Bu kärhanada ýod taýajyklarynyň we galamlarynyň, stomatologiýa pamyklarynyň öndürilişi artdyrylýar.


Aşgabadyň Abadan etrabyndaky zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanasynda hem on göterimli powidon-ýodyň önümçiligi özleşdirildi. Adaty ýoduň spirt ergini bilen deňeşdirilende onuň oňyn täsiri has uzak wagtlap dowam edýär we hirurgiýada ýaralary bejermekde we ýokanç keselleriň öňüni almakda zyýansyzlandyryjy serişde hökmünde trawmatologiýada, stomatologiýada, bakteriýa, kömelek pisint we derä ýokanç kesel düşmeginiň öňüni almakda we beýleki lukmançylyk işlerinde we amallarynda ulanylýar. Bu ýerde göýberilýän täze önümleriň hatarynda üç göterimli erginli wodorod turşusyny görkezmek bolar. Bu serişdeler lukmançylykda giňden ulanylýar.


Lukmançylyk senagatynyň beýleki kärhanalarynda hem önümleriň görnüşleri giňeldilýär, şol sanda bejeriş serişdeleriniň bir gezeklik möçberlerini köpeltmegiň, mysal üçin infuzion erginlerini öndürýän kärhanada bu işleri üştünlikli alnyp barylýar.

Önümiň täze görnüşleriniň ählisi zerur bolan bellige alyş tertibinden geçirilýär we ýakyn wagtlarda ýurdumyzyň dermanhana ulgamynda ol önümler peýda bolar, “Berzeňňi” witaminleşdirilen bejeriş mineral suwuny bolsa dükanlarda hem satyn alyp bolar.