Ï Mary şäherinde paýly esasda ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary şäherinde paýly esasda ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar

view-icon 894
Mary şäherinde geljekki ýaşaýjylaryň paýly şertde gatnaşmaklarynda 72 öýli ýaşaýyş jaýynyň toplumynyň gurluşygyna girişildi. Taslama “Marytaslama” döwlet taslama instituty tarapyndan işlenip düzüldi we ol ýokary amatlykly 4 gatly üç sany ýaşaýyş jaýyndan ybaratdyr.

Toplumyň binýady guruldy. Gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz we ýeterlik mukdarda üpjün edilýär. Ýaşaýyş toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça 2012-nji ýylda döredilen “Ezizdag” hususy kärhanasynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar.


Ýaşaýyş jaýlary П görnüşinde ýerleşdiriler, bu bolsa zerur düzümleri bolan ýarym ýapyk howly giňişligini döreder. Abadanlaşdyrylan we gök zolaklar döredilen ýanaşyk ýerlerde sport we çagalar üçin oýun meýdançalary, şahsy awtoulag serişdeleri üçin duralga, suw howuzlary, transformator kiçi bekedi bina ediler. Ýaşaýyş jaý toplumy şäheriň merkezi böleginde bir ýarym gektar meýdany eýelär. Ýaşaýyş toplumy bu ýerde gurlup ulanmaga berlen sport mekdebiniň, zehinli çagalar üçin mekdebiň we çagalar bagynyň golaýynda ýerleşer.