Tebigatdan peýdalanmaga ygtyýar berlen işleriň biri hem höwesjeň awçylykdyr, şu ýylky möwsüm 8-nji awgustda 00 sagatdan başlap 2016-njy ýylyň 20-nji martynda sagat 24-e çenli dowam eder.
Türkmenistanyň Awçylar we balykçylar jemgyýetiniň agzalary ýene-de öz aw ýaraglaryny taýýarlap işjeň dynç alyşyň bir görnüşi bolan awçylyk bilen meşgullanyp bilerler. Awa – şikara çykmazdan ozal zerur resminamalary düzetmegi hem-de Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan her ýylda çap edilýän “Türkmenistan çäklerinde 2015-2016-njy ýyllarda awçylyk möwsüminiň açylmagy baradaky” maglumat bilen tanyşmagy unutmaň. Onda aw etmäge rugsat berlen her bir ýabany haýwany awlamagyň möhletleri, olaryň sanawy, awlamagyň mukdary, aw edilýän çäkler, şeýle hem tehniki howpsuzlyk hem-de awçynyň borçlary baradaky talaplar görkezilýär, bu bolsa daşky gurşawa zyýan ýetirmezden haýwanat dünýäsiniň serişdelerinden rejeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Aw etmegiň düzgünleri, şeýle hem goşmaça maglumatlary Jemgyýetiň ýerlerdäki bölümlerinden alyp bolar. Şu gezeki möwsümde möjekleri, şagallary, tilkileri, çöl tilkilerini, sähra we gamyş pişikleri, gögerçinleri awlamaga rugsat berilýär. Ýekegapanlary Tebigaty goramak ministrliginiň bir gezeklik tölegli ygtyýarnamasy boýunça diňe şu ýylyň 22-nji noýabryna çenli awlamaga rugsat berilýär. Ördekleri, käkilikleri we gum towşanlaryny awlamagyň möhletleri çäklendirilendir.
Ýurdumyzyň biologiýa serişdelerini aw möwsüminde gorap saklamak we rejeli peýdalanmak maksady bilen hemmeler üçin hökman bolan haýwanlaryň her bir anyk görnüşlerine aw möwsüminiň möhletlerine garamazdan her bir awçy üçin aw etmegiň möçberi kesgitlenilýär. Şu gezekki möwsümde “asudalyk günleri” – duşenbe we sişenbedir.