Ï Çoganly ýaşaýyş toplumynda müň sany kottej gurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çoganly ýaşaýyş toplumynda müň sany kottej gurlar

view-icon 913
Paýtagtymyzyň demirgazyk tarapynda – Çoganly ýaşaýyş toplumynda üç tapgyrda kottej görnüşli häzirkizaman jaýlaryň 1000-sini gurmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da bu ýerde 600 okuwça niýetlenen mekdep hem-de 160 orunlyk çagalar bagy peýda bolar. Häzirki wagtda gurluşygyň birinji tapgyry amala aşyrylýar, jaýlaryň 60-synyň diwarlary galdyryldy, ýene 140-synyň binýady guýuldy. Şol bir wagtyň özünde binalara 5 müň metr uzynlykda suw geçirijileri we lagym turbalary çekildi.

Şu ýylyň aýagynda gurluşygyň ikinji tapyryna girişiler, tutuşlygyna ýaşaýyş toplumyndan ybarat şäherjik geljek ýyl ulanmaga tabşyrylar. Ähli işler paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň buýurmasy boýunça “Aşgabatabatabatlaýyşgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 4-nji abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işgärleri tarapyndan bellenilen möhletlere we tertipde laýyklykda amala aşyrylýar.

Paýtagtymyzyň çäkleriniň iki esse diýen ýaly giňelmegi bilen 2015-2016-njy ýyllar üçin şäheri ösdürmegiň täze Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň 14-nji nobatdakysynyň binalary gurulýar e 15-nji nobatdakysynyň gurluşygyna badalga berildi. Mundan başga-da Parahat-7, Köşi ýaşaýyş toplumlarynda işler ýokary depginde alnyp barylýar, abadan we Ruhabat etraplary abadanlaşdyrylýar.