S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Biruni geňeşliginiň çäklerinde “Mert ogly” hojalyk jemgyýetiniň toparlary çagalar sagaldyş merkeziniň gurluşygyny alyp barýarlar.
Häzirki wagtda bu ýerde eýýäm esasy gurluşlaryň, dürli oýun otaglary bolan medeni merkezini goşmak bilen, ykjam, oňaýly ýatylýan jaýlaryň, 300 orunlyk kinoteatryň, myhmanhananyň binalarynyň boýy galdyryldy. Taslamada gurnak sapaklaryny geçirmek üçin niýetlenen otaglary iň täze kompýuter tehnikalary bilen üpjün etmek, şeýle hem stoluň üstünde oýnalýan tennis, şaşka we küşt oýnalýan otaglar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulandyr.
Çagalar sport meýdançalarynda, üsti açyk tomusky sahnada öz wagtlaryny hoş we şadyýan geçrerler. Sagaldyş merkeziniň giň çäklerinde suw attraksiony, suwda ýüzülýän howuzlar ýerleşer.