Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda guralan “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýörite uçary bilen türkmen zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.
Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edän türkmenistanlylaryň 188-si bütin dünýäden bolan zyýaratçylaryň millionlarçasyna goşular. Olar şu sahawatly günlerde Mekgä we Medinä barýarlar.
Paýtagtymyzda din işgärleriniň, zyýaratçylaryň, şeýle hem käbir pudak edaralarynyň birnäçesiniň wekilleriniň maslahaty boldy. Onda geljekki çäräniň käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyny we pugtalanýandygyny bellediler. Gurban baýramy türkmen halkynyň agzybirligi we bitewiligi, onuň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýeren edermen pederderimizden miras galan milli ruhy gymmatlyklara we ýagşy dessurlara, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Din işgärleriniň we zyýaratçylaryň wekilleriniň aýratyn belleýişleri ýaly, taryhy-medeni baý mirasyň aýrylmaz bölegi bolan milletiň gadymy däp-dessurlarynyň täzeden dikeldilmegi we saklanylmagy ýaş nesilleriň türkmen halkynyň ruhy, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelenmeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milletiň gadymy ruhy-medeni däpleriniň saklanylmagy we ösdürilmegi babatda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Haj parzyny üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur şertleriň döredilýändigini bellemek bilen, olar bu ýörelgäniň häzirki döwrüň belent ruhunyň, türkmen halkynyň ýokary ynsanwerwerlik we ruhy gymmatlyklara ygrarlydygynyň subutnamasydygyny nygtadylar.
Medinede türkmen zyýaratçylary Muhammet Pygamberiň we onuň egindeşleriniň jaýlanan mukaddes ýerlerine, şäheriň meşhur metjitlerine we beýleki ýerlere baryp görerler. Haj parzynyň amala aşyrlýan ýeri bolan Mekgede olar musulman dünýäsiniň esasy mukaddeslikleri bolan Zem-Zem çeşmesine, Al-Haram metjidine baryp görerler, ol ýerde togap däbine eýerip, keramatly Käbäniň daşyndan aýlanmak dessuryny we beýlekileri berjaý ederler.
Watandaşlarymyz mukaddes haj parzyny berjaý edýän pursatlarynda Beýik Biribardan mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny, Watanymyzyň abadançydlygyny, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyny dileg edip, aýat-töwirler okarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmelerini durmuşa geçirmekde türkmen halkyna üstünlik arzuw ederler.
Goý, Beýik Biribar türkmen zyýaratçylaryny öz penasynda aman saklasyn!
Doga-dilegleriňiz Allanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly Watandaşlar!