Ï Sebitlerde 4 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sebitlerde 4 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär

view-icon 621
Oba ýerleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ösdürmek boýunça Milli maksatnamasynyň täze redaksiýasyna laýyklykda, ýurduň sebitlerinde 2015-2020-nji ýyllarda ABŞ-nyň 7,5 milliartdan gowragyny özleşdirmek we desgalaryň 600-den gowragyny hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň 4 million inedördül metrinden gowragyny gurmak meýilleşdirilýär. Ulag, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, kiçi telekeçiligi, oba hojalygyny goldamaga, täze senagat kärhanalaryny gurmaga uly möçberde maýa goýumlary gönükdiriler. Şu ýyl eýýäm Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda we Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda pagta çigidini arassalaýan, Lebap welaýatynyň Köýtendag we Farap etraplarynda bolsa, häzirki zaman suw arassalaýjy kärhanalar we desgalar gurlup, ulanylmaga berildi.

Sebitleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ösdürmek boýunça Milli maksatnamasynyň täze redaksiýasy 2015-nji ýylda kabul edildi. Bu Maksatnamanyň çäklerinde ýurtda durmuş we inženerçilik gurluşynyň ähli ugurlary boýunça: keselhanalaryň we saglyk öýleriniň, mekdebe çenli edaralaryň we umumy bilim berýän mekdepleriň, suw geçirijileriniň we gaz geçirijileriniň, ulag ýollarynyň, elektrik geçirijileriniň, kommunikasiýa ulgamlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary giňden ýaýbaňlandyryldy.

2014-nji ýylda ýurtda keselhanalaryň 12-si, saglyk öýleriniň 25-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 75-si, umumy bilim berýän mekdepleriň 71-si, şol sanda mekdep-internatlaryň 6-sy, medeniýet öýleriniň 25-si, sport mekdepleriniň 21-si, sport desgalarynyň 11-si, ýaşaýyş jaýlarynyň 1,5 million inedördül metri ulanmaga berildi.