Ï Döwlet statistika komiteti çagalaryň we aýallaryň ýagdaýy boýunça klaster barlagyny geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet statistika komiteti çagalaryň we aýallaryň ýagdaýy boýunça klaster barlagyny geçirer

view-icon 621
BMG-niň müň ýyllyk Maksadyny we beýleki halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän çagalaryň we aýallaryň monitoringini we esasy görkezijileri saýgarmak maksady bilen, Türkmenistanyň hökümeti ÝUNISEF-iň we BMG-ni Ilat gaznasynyň goldamagynda 2015-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 2016-njy ýylyň 15-nji ýanwary aralygynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde barlag geçirer. Bu müňden gowrak öý hojalyklaryny öz içine alar.


Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri maşgalada 15 ýaşdan 49 ýaşa çenli bolan gyzlar we aýallar, şeýle hem bäş ýaşa çenli bolan maşgala agzalary bilen söhbetdeşlik geçirerler. Geçiriljek söhbetdeşlikleriň soraglary eneleriň we çagalaryň saglygy babatda, çagalaryň ösüşi we olaryň terbiýesi babatda hakyky maglumatlary almaga gönükdirilendir. Ol çagalaryň we aýallaryň bilimleri, göwrelilik we çaga dogulýan döwründe saglygyny goramak, çagalaryň irki ösüşi we olaryň immuniteti, öý hojalygynyň agyz suwy bilen üpjünçiligi, maşgalanyň abadançylygy baradaky maglumatlary, şeýle hem maşgalada aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny sylaglamaga degişli meseleleri, aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar. Söhbetdeşlik geçirilenleriň atlary, salgylary we beýleki şahsy maglumatlary gizlin ýagdaýda saklanar.

Şular ýaly barlaglar 1995-nji ýyldan bäri ýurtlar boýunça bäş ýyldan bir sapar geçirilýär. Klaster barlagy ÝUNISEF tarapyndan halkara derejesinde kabul edildi. Bu monitoring Müň ýyllyk beýannamasynyň wezipelerini we maksatlaryny, çagalar meseleleri boýunça hereket etmegiň Bütindünýä beýannamasyny we Meýilnamasyny hem-de beýleki halkara resminamalarynyň ýurtlarda gazanylmagy babatda möhüm ähmiýete eýedir. Möhüm görkezijileriň seljermesi bu ulgamda milli strategiýalaryň ösüşinde we göwulandyrylmagynda möhüm görkeziji bolup durýar.