Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda ýurdumyzyň ministrliklerinde we edaralarynda maslahatlar geçirilýär. Olar milli Liderimiziň 2-nji oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek meselelerine bagyşlandy.
Gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň dürli ugurlary boýunça hormatly Prezidentimiziň görkezmelerini durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň esasy ugurlary boýunça 2016-njy ýaly üçin meýilnamalary kesgitlemek bilen bagly meseleler hem girizildi.
Maslahatlarda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Durnukly ösüş boýunça duşuşygynda eden üstünlikli çykyşyna aýratyn üns berilýär. Şonda ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin täze global gün tertibiniň maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen netijeli teklipleri beýan edildi. Duşuşyklara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary Milletler Bileleşiginde giň seslenme döredip, bu ýagdaý Bitarap Türkmenistanyň we onuň Lideriniň halkara abraýynyň artandygyny, ykdysady, durmuş we ekologiýa ýaly ileri tutulýan ulgamlarda durnukly ösüşi üpjün etmek babatda wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň toplan üstünlikli tejribesiniň zerur bolup durýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Şol wezipeleri milli, şeýle hem halkara derejesinde amala aşyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda çykyş edenler ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklary göz öňünde tutýan iş maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Olar dürli ugurlarda-ýangyç energetika toplumynda, ulag pudagynda, dokma we himiýa, gurluşyk senagatynda, oba hojalyk toplumynda we beýleki ugurlarda üstünlikli amala aşyrylýar.
Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri gaýtadan işleýän iri önümçilikleriň döredilmegini hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlaryna iberilmegini, bu ulgama ýurdumyzyň telekeçileriniň önümçilik kuwwatyny giňden çekilmegini göz öňünde tutýar.
Tutuş ýurdumyz boýunça giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar, täze senagat merkezleri döredilip, şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty berkidilýär, ilatyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Bilim, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ulgamlarynda özgertmeler dowam edýär.
Öňde boljak şanly seneleri—Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny hem-de Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny baýram etmek meseleleri maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşan möhüm meselesine öwrüldi. Bu seneleri türkmenistanlylar uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda metbugatda we teleradio ýaýlymlarynda eziz Watanymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitleri giňden beýan etmegiň iş meýilnamasy bilen tanyşdyryldy.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň olaryň öňünde goýan möhüm wezipelerini çözmek üçin zerur bolan ähli çäreleri görjekdiklerine, Türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.