Ï Awazanyň “Daýanç” sagaldyş merkezi çagalar üçin sagaldyş bejergisiniň tapgyryny gurady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazanyň “Daýanç” sagaldyş merkezi çagalar üçin sagaldyş bejergisiniň tapgyryny gurady

view-icon 1979
>“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Kärdeşler arkalaşygynyň “Daýanç” sagaldyş merkezinde dogabitdi keselli çagalary bejermek we olaryň ösüşlerine päsgel berýän kemçilikleri aýyrmak boýunça işler geçirilýär. Olary kabul etmek üçin ýylyň iň gowy döwürleri bolan ýaz we güýz pasyllary saýlanyp alynýar. Şu ýyl “Daýançda” çagalaryň 1600-si sagaldyş bejergileriniň tapgyryny geçdiler. Bu bolsa tomusky dynç alyş günlerinde deňziň kenarynda dynç alýan çagalaryň sanyna barabardyr.

Häzirki wagtda “Daýanç” sagaldyş merkezinde Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatynyň etraplaryndan gelen çagalar bejeriş tapgyryny geçýärler. Bu ýere olar öz ene-atalary bilen geldiler. Olaryň saparyny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň sebitleýin kärdeşler arkalaşyklar guramalary haýyr-sahawat esasynda guradylar. Aşgabatda bu haýyr-sahawat işine “Ýuşýumly”HK “Eňme” jemgyýetçilik guramasy bilen dostlukly hyzmatdaşlykda goşuldylar. “Daýanja” gelen çagalar uly aladalar we çyn ýürekden üns bilen gurşalyp alyndy.

Lukmanlarda netijeli lukmançylyk serişdeleri, şol sanda ýerli bejeriş minerallaryndan taýýarlanan daşky bejeriş serişdeleriniň köp sanlysy we görnüşleri bardyr. Olar özleriniň himiki düzümi we fiziki aýratynlyklary boýunça örän ýaramlydyr, bedene fiziologiki taýdan täsir edişi boýunça hem örän ajaýypdyr. Wanna, palçyk bilen bejeriş, parafinden we ozokeritden gyzdyrýan sargylar ulanylýar. Parafin we ozokerit bejergileri köp keselleri bejermekde peýdalydyr. Lukmanlar çagalaryň özlerini örän oňat duýmaklary, çaltark aýaga galmaklary üçin öz başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar.

Bäş ýaşdan 14 ýaş aralykdaky saglygy gowlanýan çagalar üçin ýörite bedenterbiýe-sport programmasy düzüldi. Olar bäsleşik çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar, açyk howada hereket edilýän oýunlar bilen meşgullanýarlar, hatda deňiz suwundan doldurylan howuzda suwa hem düşýärler. Deňiz şypahanasynyň ajaýyp ýerlerine awtobusly gezelenç etmek olara has hem ýaraýar.

Şypahana görnüşindäki bejeriş desgalarynyň meşhurlygy ýylsaýyn artýar. Bu ýere öz saglyklaryny bejermek üçin ýurduň we daşary ýurtlaryň dürli künjeklerinden çagalar we uly ýaşlylar gelýärler. Şunlukda, sagaldyş merkeziniň 400 ornunyň 280-si çagalara degişlidir. “Daýanç” bütin ýylyň dowamynda dynç alynýan merkezdir. Geçen tomusda bu ýerde mekdep okuwçylarynyň 1680-si dynç aldy. Olar bu ýeriniň ýazgy galdyrylýan kitabynda minnetdarlyk ýazgylaryny galdyryp, Awazada bolan döwürlerinde özlerinde galan ajaýyp ýatlamalary we täsirleri özleri bilen alyp gitdiler.