Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Köpetdag goraghanasynyň ylmy işgärleri bilelikdäki ekologiki taslamalaryna gatnaşyjylar, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Aşgabatdaky syýahatçylyk hünär okuw mekdebiniň okuwçylary üçin Köpetdagyň eteklerine – Altyýap we Kelteçynar çeşmeleriniň töwereginde ekologiki çäresini gurady.
Okuwçy ýaşlar bilen biodürliligi, tebigatyň ajaýyp desgalaryny peýdalanmak, tebigy tokaýlyklary dikeltmek, daşky gurşawy goramak babatda döwlet tarapyndan edilýän tagallalar nukdaý nazaryndan syýahatçylyk pudagyny ösdürmek barada gürrüňdeşlik geçirildi. Okuwçylar Türkmenistanda amala aşyrylýan halkara ekologiki taslamalar, biodürliligi saklamak, çölleşmäge garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.
Soňra ekologiýanyň we syýahatçylygyň amaly temalary boýunça wiktorina geçirildi. Ýoluň ahyrynda bu çärä gatnaşyjylar gysga wagtlaýyn dynç alanlaryndan soňra, uly bolmadyk ekologiki ýowar gurap, özleriniň wagtlaýyn “düşelgelerini” arassaladylar we tertibe saldylar.
Ilatyň arasynda, esasan hem ýaşlaryň arasynda, ekologiki bilimi wagyz etmek Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan alnyp barylýan ylmy-amaly işleriň bir bölegi bolup durýar. Şular ýaly çäreler yzygiderli geçirilip durulýar. Mekdep okuwçylary üçin biologlaryň ýolbaşçylygynda Köpetdagyň ajaýyp jülgelerine tanyşdyrylyş gezelençleri ýygy-ýygydan guralyp durulýar. Biologlar okuwçylara bu ýerleriniň haýwanat we ösümlik dünýäleri barada giňişleýin gürrüň berýärler. Geljekki oba hojalyk işgärleri üçin – Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary, şeýle hem lukmançylyk uniwersitetiniň farmasewtleri üçin şeýle “gezelençler” okuwyň bir bölegi – amaly sapaklar bolup durýar.