Galkynyş şäherçesinde - adybir etrap merkezinde täze Saglyk öýi açyldy. Onuň iki gatdan ybarat bolan binasyny ýurduň telekeçiler gurluşy gurdy.
Bu ýerde terapewtiň, hirurgyň, diş lukmanynyň, göz lukmanynyň we beýleki zerur bolan hünärleriň otaglary ýerleşýär. Aýry-aýry otaglarda maşgala lukmanlary kabul eder. Bu täze saglyk edarasy dünýäniň iň gowy önüm öndürijileriniň kesel anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu saglyk merkezi 13 müň adama hyzmat etmäge niýetlenendir. Onda gündizki stasionar bolup, bu ýerde syrkawlar ýokary hünärli lukmanlaryň gözegçiliginde özleri üçin amatly wagtlarda saglyklaryny dikeldip bilerler. Dermanhana üçin aýratyn jaý bölünip berildi.
Galkynyş şäherçesindäki Saglyk merkezi “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň” çäklerinde gurulan nobatdaky desga boldy. Mundan öň bu ýerde häzirki zaman orta we sport mekdepleri, çagalar bagy, Medeniýet merkezi guruldy, stadionly sport toplumynyň durky täzelendi.