Ï Watan goragy – mukaddes borç
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watan goragy – mukaddes borç

view-icon 1726
Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Serkerdeleriň merkezi öýünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan sözleri girizilen “Watan goragy mukaddesdir” atly ýygyndynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Tanyşdyryş dabarasyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary we mugallymlary, harby mekdebiň okuwçylary, şeýle hem tanymal şahyrlar, medeniýet işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Dabara baýramçylyk ýagdaýynda geçdi. Aýdym-sazly we edebi kompozisiýalar onuň joşgunyny has hem belende göterdi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň gününe gabatlanyp neşir edilen bu kitabyň ýaş harby gullukçylary taýýarlamakda, olaryň syýasy düşünjesini, söweşjeň ruhuny ýokarlandyrmakda ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Kitapda milli Liderimiziň baýramçylyk ýüzlenmelerinden, gutlaglaryndan, bölekler, şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutanynyň dürli çykyşlaryndan, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde sözlän sözlerinden sitatalar, söhbetdeşliklerden we beýleki resmi çeşmelerden bölekler getirilipdir.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdanlarynyň mysalynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň, ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek, milli goşunymyz üçin hünärmenleri taýýarlamak we onuň maddy-üpjünçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmak ýaly döwlet syýasatynyň möhüm ugrunyň mazmuny açylyp görkezilýär.

Täze neşir milli Liderimiziň özgertmeler başlangyçlarynyň ösüşe we ynsanperwerlige ýugrulan syýasatynyň çuňňurlygyny şöhlelendirýän möhüm çeşme bolup durýar. Tanyşdyryş dabarasynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözülişinde dünýä jemgyýetçiligini jebisleşdirmek boýunça başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan hemmetaraplaýyn ösüşiň ýolundan ynamly barýan ylalaşdyryjy döwlet hökmünde abraý gazandy.

Dabara gatnaşyjylar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa parahatçylyk we ynsanperwerlik başlangyçlaryna esaslanan çuň manyly syýasatyna hoşallyk bildirip, özleriniň Watany, mähriban halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny, ýurdumyzyň serhetleriniň howpsuzlygyny we asudalygyny goramakda polat galkan ýaly bolup, harby kasama laýyklykda, mukaddes borçlaryny wepalylyk bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen kitap milli Liderimiziň baştutanlygynda harby işi guramakdaky özgertmeleri, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny pugtalandyrmak barada durmuşa geçirýän işleriniň üstünlikleri, ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň ýaşaýşy, okamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin iň oňat şertleriň döredilmegi barada döwlet tarapyndan edilýän aladany aýdyň görkezýän fotosuratlar bilen bezelipdir.