Ï Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

view-icon 589
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň hem-de Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky iş toparlarynyň agzalaryndan başga-da, milli synçylar – Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi ýurdumyzda saýlawlary demokratik esasda, milli tejribä hem-de halkara ülňülerine laýyklykda guramaçylykly geçirmek boýunça öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen baglanyşykly boldy.

Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we parasatly ýolbaşçylygynda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirmegiň netijesinde ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar, jemgyýetimiziň we döwletimiziň demokratik ýörelgelerini hem-de hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak baradaky syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeler türkmen jemgyýetiniň ähli ulgamlaryny gurşap aldy. Halk hojalygynyň pudaklary okgunly ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hem-de abadançylygynyň ýokarlanmagy hem şunuň bilen şertlendirilendir.

Ýygnananlar türkmen döwletiniň hukuk ulgamynda gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygyna açykdygyny nygtap, Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýändigini hem-de bu ulgamda adam hukuklaryny üpjün etmäge degişli esasy resminamalaryň düzgünlerini yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ähli çäreleri görýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Saýlawlary geçirmek işiniň ähli tapgyrlaryna syn etmek üçin daşary ýurtlaryň köpüsinden hem iri halkara guramalaryndan garaşsyz synçylaryň çagyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Adam hukuklaryny üpjün etmek, ilkinji nobatda, ählumumy saýlaw hukugy, raýatlaryň saýlawlara meýletin gatnaşmagy, hödürlenýän dalaşgärler üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, saýlaw möwsüminiň barşynda wagyz etmegiň erkinligi, saýlawçylaryň saýlaw hukuklaryny goramak, aýanlyk we açyklyk bilen baglanyşyklydyr.

Bellenilişi ýaly, özara tejribe alyşmak we hereket edýän halkara kadalary hem-de daşary ýurtlarda saýlawlary guramagyň tejribesi bilen tanyşmak, saýlaw ulgamynda işleýän halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki mejlisleri, geňeşmeleri, okuw maslahatlaryny hem-de “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri yzygiderli geçirmek milli saýlaw ulgamynyň kuwwatyny berkitmek ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmekde möhüm orun eýeleýär.

Şu mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar saýlaw edaralarynyň işi, saýlawçylary hem-de dalaşgärleri bellige almak çäresi, saýlawlaryň öňýanyndaky esasy tapgyrlary we saýlawlaryň özüni geçirmegiň ýörelgeleri, şeýle hem giň jemgyýetçiligi habarly etmek bilen baglanyşykly halkara standartlaryny mundan beýläk-de milli saýlaw ulgamyna ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň ýerlerde alnyp barylýan işler baradaky habarlary diňlenildi. Hususan-da, öňümizdäki saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, ýörite taýýarlanylan maglumat we beýleki edebiýatlara – saýlaw toparlarynyň agzalaryna, milli we halkara synçylaryna, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine hem-de saýlawçylara kömek hökmünde Merkezi saýlaw topary tarapyndan çap edilen kitapçalara, degişli gollanmalara seredildi.