Ï Döwrebap obalar – Watanymyzyň nurana keşbi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwrebap obalar – Watanymyzyň nurana keşbi

view-icon 848
Şu gün Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde täze döredilen “Täze Zaman” obasynda bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň ikinji tapgyryndakysynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ahal welaýatynyň we etraplarynyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, wekilleri, ýurdumyzyň gurluşyk we energetika toplumyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçitlik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we Täze obanyň kjp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Derweze etrabynyň çäginde peýda bolan täze döwrebap obanyň düýbi 2012-nji ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda tutuldy. Şondan bäri geçen döwrüň içinde bu ýerde ajaýyp täze oba döredildi. Bu obany hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň nyşany diýip atlandyrmak bolar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilýän täze ýaşaýyş toplumlarynyň peýda bolmagy hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň aýdyň netijesidir. Munuň özi eziz Watanymyzyň döredijilik kuwwaty, milli Liderimiziň maksada okgunly we taýsyz tagallalarynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýar.


Nusgalyk häsiýeti bolan Täze Zaman obasynyň ikinji nobatdakysynyň şanly baýramyň – eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylmagy taryhy waka bolup, ol milli Liderimiziň başyny başlan we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda obalarda ösen durmuş-ykdysady düzümi döretmäge gönükdirilen oňyn özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

“Täze Zaman” obasynyň çäklerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ir bilen bu künjekde gazanlar atarylyp, ak öýler oturdylyp, türkmen toýlaryna mahsus görnüşler döredildi. Täze obanyň ikinji nobatdakysynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli babatlarda ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli alada edýän döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňra bu ýerde guralan şatlykly çärä gatnaşýan hormatly ýaşulularyň, ak gyňaçly eneleriň hem-de Watanymyzyň geljegi bolan körpe nesilleriň gatnaşmagynda täze obanyň nobatdaky tapgyrynda bina edilen desgalar toplumynyň toý bagy kesildi.

Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bilen bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny artdyrdylar. Olaryň aýdym-sazly, folklor çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň şatlyk-şowhunlary bilen utgaşyp, bu günki çäräniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus derejede ýaýbaňlandyrylýandygyny alamatlandyrdy.

Täze taryhy eýýamyň nusgalyk obasynyň nobatdaky tapgyryna gatnaşyjylar “Täze Zaman” obasynyň girelgesinden täze açyljak binalara çenli toý bezegine beslenen awtobuslarda dabaraly ýagdaýda ugradylar. Ýoluň ugrunda türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, bolçulygynyň baş nyşany bolan bezegli ak öýler oturdylyp, toý gazanlary atarylypdyr. Şeýle hem aýdym-saz, tans we folklor toparlary özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen bu günki çäräniň dabarasyny we oňa gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdiler.


Çapyksuwarlar ahalteke bedewlerine ussatlyk bilen erk edýärler, bagşylar hem-de artistler öz ussatlyklaryny görkezýärler. Olaryň golaýynda halk senetleriniň we amaly-haşam sungatynyň ussatlary ýerleşipdir. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde hakyky halk şüweleňi, milli oýunlar we sport ýaryşlary ýaýbaňlandyryldy.

Mälim bolşy ýaly, “Täze Zaman” obasynyň ilkinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirildi. Şol gün täze jaýlara göçüp gelen ildeşlerimiziň birnäçesini döwlet Baştutanymyzyň hut özi gutlady we olara jaý toýlary mynasybetli ajaýyp sowgatlary gowşurdy.

Täze obalary gurmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň –türkmen topragynyň ähli künjeklerini gurşap alan giň möçberli özgertmeler döwrüniň aýdyň alamatyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, türkmen obasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda milli ykdysadyýteimiziň esasy ulgamlarynyň biri bolan obasenagat toplumyny has-da ösdürmäge degişli wezipeler durmuş ugurly wezipeleri çözmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin has oňaýly şertleri döretmek meseleleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ähli sebitlerinde giň möçberde ýaýbaňlandyrylan hem-de raýatlarymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ägirt uly işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bu meýilnamalaryň amala aşyrylmagy bilen obalarymyza oňaýly ýaşaýyş we öňdebaryjy tehnologiýalar gelýär. Döwletimiz obalary toplumlaýyn abadanlaşdyrmaga ägirt uly serişdeleri gönükdirip, obalaryň ýaşlar üçin özüneçekiji bolmagy, bu ýerde täze ýokary girdejili önümçilikleriň peýda bolmagy we ýokary hünärli işgärleriň obalarda galmagy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösdürilmegi üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirýär.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça guraýan iş saparlarynda we dikuçarda aýlanmagynyň çäklerinde Derweze etrabyndaky täze obanyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen yzygiderli tanşandygyny bellemeli. Şu döwürde “Täze Zaman” obasynda işler sazlaşykly depginde alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyz täze obada alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda onda degişli düzümleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede döredilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýlelikde, “Täze Zaman” obasyny gurmagyň nobatdaky tapgyrynda durmuş we beýleki maksatly desgalaryň uly toplumy guruldy. Olaryň hatarynda ähli amatlyklary özünde jemleýän we 1 müň 46 hojalyga niýetlenen bir we iki gatly kottež görnüşindäki ýaşaýyş jaýlarynyň 942-si, 250 orunlyk çagalar bagy, Saglyk öýi, Medeniýet öýi, şeýle hem durmuş hyzmatyna degişli başga-da köp sanly desgalar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, Söwda merkezleri we senagat hem-de azyk harytlarynyň dükanlary, şeýle hem durmuş düzüminiň beýleki desgalary bar.

Ýaşaýyş jaýlary barada aýdylanda bolsa, olarda amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin ähli şertler döredilipdir. Döwrebap mebeller bilen üpjün edilen giň otaglar şäherlerdäki öýleriňkiden birjik-de pes däldir. Her bir maşgala üçin aşhanalaryň ikisi we ýuwunylýan otaglaryň ikisi niýetlenendir.

Bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylary täze jaýa göçüp gelen bagtyýar maşgalalar şatlyk-şowhun, duz-çörek bilen garşyladylar. Täze obada guralan toý çärelerine gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesinde bolup, olarda toý dessurlarynyň berjaý ediliş pursatlaryna, aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Dabara gatnaşyjylar täze jaýa göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň goşa toýunyň gutly bolmagyny dileg edip, olarda myhmançylykda boldular we toý saçaklarynyň nygmatlaryndan datdylar.

Şunlukda, gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasyndan kemal tapan döwrebap obada baýramçylyk dabaralary aýdym-sazly çykyşlara utgaşyp, barha belende göterildi. Şu pursatda bu ýerde guralan toý çärelerine gatnaşyjylar täze obanyň Medeniýet öýüne tarap bardylar. Häzirki döwrüň talabyna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk edilip gurlan medeniýet ojagynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Medeniýet we sungat işgärleri özleriniň aýdym-sazlary bilen mähriban Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, hormatly Prezidentimiziň başlanygyjy bilen amala agşyrylýan beýik işleri wasp etdiler.

Soňra dabara gatnaşyjylar döwrebap obanyň söwda merkezine geldiler. Söwda merkeziniň öňündäki giňişlikde halk köpçüligi bilen sungat ussatlarynyň bilelikde gatnaşmagynda Gündogar bazaryna mahsus görnüş emele getirildi. Bu ýerde alyjylaryň we satyjylaryň şowhunly sesleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelýän türkmen bazarlarynyň döwrebap durmuşyny alamatlandyrýar. Bu ýerede myhmanlar we oba adamlary, bazara gelenler söwda merkeziniň enjamlaşdyrylyşy, olarda hödürlenýän harytlaryň we önümleriň görnüşleri bilen tanyşýarlar.

Söwda merkeziniň dükanlarynda harytlaryň bolçulygy bada-bat göze ilýär. Bu ýerde ýylyň ähli döwründe adamlaryň gündelik durmuşynda zerur bolan önümleriň ähli görnüşlerini tapmak bolýar. Dükanda oba ilatyna dürli görnüşli azyk harytlary, ter gök we bakja önümleri, çörek we unaş önümleri, süýt we süýt önümleri, ir-iýmişleriň dürli görnüşleri, mineral suwlar we şerbet suwlary hödürlenýär. Çaga iýmitiniň dürli görnüşleriniň bardygy, olaryň hemmesiniň täzeligine satuwa goýberilýändigi bellenmelidir.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň ýoly täze obada gurlup ulanmaga berlen täze çagalar bagyna tarap ugrukdy. Bu ýerde bagtyýar nesiller dabara gatnaşyjylary özleriniň aýdym-sazly çykyşlary, joşgunly tanslary bilen garşyladylar. Olar ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen özleri üçin ähli amatlyklary döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.


Häzirki döwürde ugurdaş desgalarda bolşy ýaly, bu çagalar bagynda hem körpeleriň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşi üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Çagalar bagynyň okuw, dynç alyş we dürli gurnaklar otaglarynda körpeleriň göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri hem-de göwünsöýen ugry boýunça hünär öwrenmekleri üçin zerur bolan mümkinçilikleriň hemmesi döredilipdir. Munuň özi milli Liderimiziň körpe nesilleriň döwrebap ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän aladasynyň aýdyň netijesidir.

Bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylar agzybirlik bilen döwrebap obanyň täze seýilgähine bardylar. Olar bu ýerde şu günki taryhy waka mynasybetli köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak çäresine gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň täze obanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine oturdan baglarynyň saýa salyp, bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirjekdigi we şanly wakadan ýadygärlik galjakdygy gürrüňsizdir. Halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çäreler mynasybetli bag ekmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň asylly ýörelgesine öwrüldi.

Obada gurlan ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanlary diýip atlandyrmak bolar. Oba durmuşynyň aýratynlyklary nazara alnyp, olaryň gurluşygynda milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça her bir howluda mellek, mal saklanýan ýer, bassyrmalar, tamdyr göz öňünde tutuldy. Bu ýerde ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar döredildi. Giň we oňaýly otaglar, eýwanlar, enjamlaşdyrylan aşhanalar, şeýle hem garažlar we beýleki degişli düzümler halkyň hyzmatyndadyr.

Soňra Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çägindäki “Täze Zaman” obasyndaky Toý mekanynda şu günki guralan baýramçylyk çäresiniň, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuş üpjünçiligini nazarlaýan beýik işleriniň we bu ýerde bina edilen medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurlup ulanmaga berilmeginiň hormatyna toý sadakasy berildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň janyň sag, ömrüniň uzak, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik dileg edilip, toý töwiri okaldy.

Şeýlelikde, şu günki dabaralar parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir aýdyň sahypany ýazdy.