Ï Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygynyň şanyna “Aşgabat” stadionyndaky baýramçylyk dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygynyň şanyna “Aşgabat” stadionyndaky baýramçylyk dabaralary

view-icon 920
Şu gün, ählhalk baýramçylygynyň öňüsyrasynda köpugurly “Aşgabat” sport toplumynyň merkezi stadionynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu ýerde stadiony dolduryp oturan 20 müňden gowrak tomaşaçylar sahnalaşdyrylan gyzykly çykyşlaryň şaýady boldular. Köpçülikleýin çykyşlaryň esasy mazmuny Garaşsyzlygyň dabaralanmagyny, türkmen halkynyň agzybiriligini, ruhubelentligini we döredijilik ylhamynyň ýokary göterilişini beýan etmekden ybarat boldy.

Garaşsyzlyk güni – türkmen halkynyň asyrlarboýy kuwwatly we gülläp ösýän bir döwlete gulluk etmek baradaky arzuwynyň hasyl bolmagynyň baýramydyr. Ol döwlet dünýäniň syýasy kartasynda 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda peýda boldy. Garaşsyzlyga eýe bolan gününden bäri 24 ýylyň içinde Türkmenistan tanalmaz derejede özgerdi, ykdysady taýdan kuwwatlandy, halkyň ýaşaýyş derejesi ýokarlandy. Ýüzlerçe zawodlar we fabrikler guruldy. Diňe bir paýtagtymyzyň keşbi özgermän, sebitler hem özgerdi.



Daşary syýasatda hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygy astynda biziň ýurdumyzyň we halkymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde täze belent sepgitlere tarap ynamly öňe gitmegine ýardam edýän oňyn özgerişlikler bolup geçdi. Muňa şu ýylyň iýun aýynyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky kararnamasyny gaýtadan kabul etmegi hem şaýatlyk edýär. Onuň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen ýylda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda kabul edilmegi ýurdumyzyň at-abraýyny has ýokary derejelere göteren şatlykly waka boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň baýramçylyk bezeginde milli nagyşlar aýratyn tapawutlanýar. “Aşgabat” köpugurly sport toplumy hem milli äheňde bezelipdir. Bu ýere şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň başlygy we deputatlary, hormatly ýaşulular, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köpsanly beýleki adamlar ýygnandylar. Bu ýerdäki hormatly myhmanlaryň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХVIII maslahatyna gatnaşan daşary ýurtly ildeşlerimiz, şeýle hem şu ajaýyp döwürde ýurdumyza sapar etmek bagty miýesser eden köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bar.



Dabara gatnaşýanlaryň ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary, dürli reňkli şarlar, çagyryşlar we şygarlar bar. Hemmeler baýramyň başlanmagyna garaşýarlar.

Sport toplumyň merkezinde ýaş ýigitler we gyzlar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny alamatlandyrýan “ХХIV” san ýazylan uly haly göllerini şekillendirýän görnüşi emele getirip düzülýärler. Stadionyň baş münberiniň gabat garşysynda dabara gatnaşyjylar ak baýdajyklaryň kömegi bilen “GARAŞSYZLYK” diýen ýazgyny şekillendirýärler.

Ajaýyp sport toplumyna Döwlet senamyzyň şanly owazy ýaýrap gidýär. Aýdymçylaryň we tomaşaçylaryň sesleri sazlaşyp, halkyň agzybirliginiň mizemezligini alamatlandyrýan Döwlet senamyzyň güýçli ýaňyny emele getirýär. Dürli reňkli şarlaryň ýüzlerçesi asmana göterilýär.Bu ýere gelen her bir adamyň kalbyny Watanymyza bolan çäksiz buýsanç we söz bilen beýan edip bolmajak bagtyýarlyk duýgusy gaplaýar.

Soňra alypbaryjy ähli türkmenistanlylary we milli Liderimiz - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ruhy, syýasy-jemgyýetçilik we ykdysady ösüşine güýçli itergi berip, dünýä ýüzüne Gahryman Arkadagymyzyň - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda Türkmenistanyň täze keşbini açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli pudaklaryny gurşap alan täze özgertmeleriň başyny başlan, öz işine “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni esas edinen milli Liderimiz tutanýerlilik bilen ýurdumyzy öňegidişligiň we gülläp ösüşiň ýoly bilen öňe alyp barýar. Muny “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy” aýdyň görkezýär.

Sport toplumyň merkezindäki “ХХIV” san bedewiň şekiline öwrülýär. Stadionyň ylgaw ýodalarynda şöhraty äleme ýaýran meşhur ahalteke atlary peýda bolýar. “Behişdi bedewler” türkmen halkynyň büýsanjydyr. Tutuş dünýäniň atşynaslary arassa ganly ahalteke bedewini edinmegiň höwesinde. Çünki bu tohum beýlekilerden diňe bir owadanlygy üçin däl-de, çydamlylygy we akyllylygy, eýesine wepalylygy bilen hem tapawutlanýar.

Türkmen bedewiniň gadyr-gymmatyny bilýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atlaryna söýgüsi hemmelere mälimdir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ştabkwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiýasyýasy döredildi. Bu gurama häzirki wagtda arassa ganly ahalteke bedewlerini ýetişdirýän onlarça ýurdy özünde birleşdirýär.

Türkmeniň “Behişdi bedewleri” haýran galaýmaly owadanlygyndan, syratlylygyndan we çydamlylygyndan başga-da, gyzykly bäsleşiklerde haýran galaýmaly ezberligi bilen tapawutlanýar. Muňa Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilen sirk sungaty boýunça bütindünýä gözden geçirilişlerinde mynasyp bolan köpsanly baýraklary hem güwä geçýär.



Soňra sport toplumynyň merkezindäki bedewiň şekili owadan gülüň açylyp barýan gunçasyna öwrülýär. Sungat ussatlary “Jigitler” tansyny ýerine ýetirýärler. Meýdançanyň gapdalynda bolsa çapyksuwarlar ussatlyk bilen asyrlaryň dowamynda türkmenlere şöhrat getiren at üstündäki oýunlary tomaşaçylara görkezýärler.

“Jigitler” tansy tamamlanan badyna ak gülüň şekili ak kepderä öwrülýär. Onuň töweregine çagalar ýygnanyşýarlar. Ata Watanymyzy, hormatly Prezidentimizi, berkarar türkmen döwletimizde asuda we bagtly durmuşy wasp edýän şadyýan aýdymlar ýaňlanýar.

Joşgunly saza goşulyp sport meýdançasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ussat türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda täsin çykyş ýaýbaňlandyrylýar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň işjeň tarapdary bolan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns merkezinde bolup, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrymaz bölegine öwrüldi.

Ýaşyl meýdançada türgenler Aşgabatda geçjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeli senesini aňladýan “2017” sany şekillendirýärler. Aziýanyň olimpiýa geňeşi tarapyndan türkmen paýtagtynyň yklymyň iri ýaryşyny geçirmek üçin saýlanyp alynmagy hormatly Prezidentimizyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek, halkara sport durmuşyna Türkmenistanyň içgin gatnaşmagy üçin geçiirlýän giň göwrümli işleriň aýdyň mysalydyr.

Soňra sport meýdançasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti” kitabynyň şekili peýda bolýar. Bu çuň mazmunly eser milli medeniýetimiziň baý taryhy barada gürrüň berýär. Milli sungatymyz halk döredijiliginiň esasynda döräp, binagärleriň we heýkeltaraşlaryň, senetkärleriň, zergärleriň, küýzegärleriň, demirçi ussalaryň, dokmaçylaryň, gurluşykçylaryň, nakgaşlaryň, netjarlaryň, halyçylaryň we tikinçileriň hünär ussatlyklaryny nesilden-nesle geçirmeginden gözbaş alýar.

Döwet Baştutanymyz dünýä ösüşiniň taryhynda aýratyn orun tutýan milli medeniýetimizi ösdürmek, onuň iň gowy däp-dessurlaryny nesillere geçirmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Döwlet tarapyndan döredilýän şertler milli mederiýetimiziň, döredijilik däpleriniň hil taýdan täze ösüşine, dünýäniň dürli halklary bilen medeni gatnaşyklaryň köpdürli ugurlaryny ýola goýmaga, taryhy, medeni mirasymyzy giňden wagyz etmäge oňyn täsir edýär.

Soňra sport meýdançasynda bäş welaýatyň döredijilik toparlarynyň sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyşlary başlanýar. Olar öz çykyşlarynda “Türkmen medeniýeti” kitabynyň mazmunyny beýan edýärler. Bu çykyşda Balkan welaýatynyň döredijilik topary ýaşaýyş çeşmesi bolan suwa türkmen halkynyň hormatyny beýan eden bolsa, Lebap welaýaty milli baýlygymyz bolan medeniýetimizi, Mary welaýaty gözellik mekdebi bolup, milli aýratynlygymyzy şöhlelendirýän halk oýunlaryny, Ahal welaýaty toý-baýramlarda milli däp-dessurlarymyzy, Daşoguz welaýaty bolsa milli tans sungatymyzy görkezýärler.

Baýram iň ýokary derejesine ýetende “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirildi. Onda dabara gatnaşanlar agzybirlikde goşulyşyp, ähli giňgöwrümli tagallalary ata Watanymyzyň abadanlygyna we gülläp ösmegine gönükdirilen milli Liderimiziň daşyna halkymyzyň jebisleşýändigini şöhlelendirdiler.

Baýramçylyk dabarasy ahyrlaýar. Sport toplumyň merkezinde şanly sene mynasybetli ýene-de “ХХIV” sanyň şekili emele gelýär.

Bu uly baýramçylyk dabarasy Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy, türkmen halkyny we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni iline bagyşlan milli Liderimzi wasp edýän “Arkadag” aýdymy bilen jemlendi.