Şu gün baş milli baýramçylyk-Garaşsyzlyk gününiň baýram edilýän gününde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşen “Halk hakydasy” belent ýadygärlikler toplumy bu dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýädygärlikller toplumy edermen ata-babalarymyzyň - mähriban halkymyzyň parahatçylygynyň, bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygyň bähbidine söweş meýdanlarynda öz janlaryny gurban eden milli gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edildi.
Şu gün bu ýerde, şeýle ajaýyp waka mynasybetli belent ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda döwlet özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň çäk bitewiligini hem-de konstisiýon gurluşyny goramak, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde kanunçylygy we hukuk düzgünini üpjin etmek işine goşant goşan uly şahsy goşandy üçin sylaglara hödürlenen harby we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdeleri, esgerleri, harby talyplary, işgärleri nyzamly hatara düzüldiler. Şu baýramçylygyň öňýanynda bir kemsiz gullugy hem-de mykaddes harby borjyny asylly ýerine ýetirýändikleri üçin Ýaragly Güýçleriň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň toparyna harby we ýörüte atlar hem-de derejeler gowşuryldy.
Mähriban Watanmyzy goramagyň mukaddes borjy bilen öz ykballaryny baglan dabara gatnaşyjylar dyza çöküp, harby kasama, Watana baky wepalylygyň hem-de mähriban halkymyzyň parahat döredijilikli durmuşynyň goragynda sak durmaga taýýarlygyň alamaty hökmünde mukaddes tuga tagzym edýärler.
Türkmenler ähli döwürlerde harby tälimleri ele almaga möhüm ähmiýet beripdiler. Olaryň zehini we başarnygy söweş meýdanlarynda ençeme ajaýyp ýeňişleri gazanmaga kömek etdi. Häzir, biziň günlerimizde hem gaýduwsyz we edermen esgerler gahrymançylykly ata-babalarymyzyň iň oňat däplerini mynasyp dowam etdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň goranyş ukybyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, wezipeleri milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy düzgünlerine pugta laýyk gelýär. Bu Harby doktrina diňe goranyş häsiýetine eýedir hem-de ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýjülik daşary syýasat ýörelgesine doly gabat gelýär.
Milli Liderimiziň yzygiderli nygtaşy ýaly, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan oňyn hemişelik Bitaraplyk derejesi berilen özygtyýarly Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy maksady Watanmyzyň mukaddes serhetleriniň eldegirilmesizligini, mähriban ýurdumyzyň parahatçylygyny we abadançylygyny üpjin etmekde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň depginlerini has-da artdyrmaga, onuň halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly möçberli özgetrmeleri amala-aşyrmak üçin amatly şertleri döretmekde jemlenýär.
Geçirilýän işleriň netijesinde ýyl-ýyldan harby gullukçylaryň hünär derejesi yzygiderli ýokarlanýar, olaryň harby ussatlygy ýokarlanýar muňa gury ýerde we deňizde yzygiderli esasda geçirilýän görkezme harby-tälim okuwlary aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş hünärmenleriň häzirki zanman bilimlerini, harby sungatyň milli we daşary ýurt tejribesini yhlasly ele almalydyklaryny, esasy bolsa, Watana deňsiz-taýsyz söýgi ruhynda terbiýelenen hakyky watançy bolmalydyklaryny yzygiderli nygtaýar.
Köp asyrlyk taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň öwrenilmegi hem Watanymyzyň edermen goragçylaryny watançylyk taýdan tebiýelemäge ýardam edýär. Şol tarymyzyň bütin dowamynda milletimiziň iň oňat ogullary gazaply söweşlerde deňsiz-taýsyz gahrymançylygyň, gaýduwsyzlygyň we synmaz ruhyň hakyky nusgasyny görkezdiler. Geçen ýyl açylan ýadygärlikler toplumy hem milletimiziň şöhratly taryhyna bolan buýsanç duýgusyny her bir Türkmenistanlynyň kalbynda artdyrmaga hyzmat edýär. Aşgabat ýer yranmasynyň şehitlerine bagyşlanan “Ruhy tagzym” ýadygärligi hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň meýdanlarynda we mähriban topragymyzyň parahatçylygy we rahatlygy ugrundaky beýleki söweşlerde wepat bolanlaryň hormatyna bina edilen “Baky şöhrat” hem-de “Milletiň ogullary” ýadygärlikleri şol ýadygärlikler toplumynyň düzümine girdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa uly aladalary hem-de Watanymyzyň öňündäki hyzmatlaryna şeýle ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, harby gullukçylar özleriniň harby we watançylyk borjuna jany-teni bilen wepaly boljakdyklaryna ynandyryp, mukaddes Garaşsyzlymyzyň gazananlarynyň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwriniň beýik üstinlikleriniň goragynda durup, mähriban Watanymyza we halkymyza hemişe abraý bilen gulluk etjekdiklerini aýtdylar.