Ï Ýurduň “Medet-Emir” gurluşyk kompaniýasy Aşgabatda awtoduralgalaryň ikisini gurar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň “Medet-Emir” gurluşyk kompaniýasy Aşgabatda awtoduralgalaryň ikisini gurar

view-icon 897
Şäheriň merkezinde ýerleşýän “Altyn asyr” söwda merkezine ýakyn ýerleşýän çäklerde 240 orunlyk üç gatdan ybarat boljak awtoduralganyň düýbüni tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň ýaly duralganyň ýene-de biri B.Kerbabaýew we M.Kösäýew köçeleriniň çatrygynda gurulýar. Bu awtoduralgalary Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Medet-Emir” gurluşyk kompaniýasy gurýar.

Taslama laýyklykda duralgalaryň üçegi goşmaça gat hökmünde ulanylar hem-de onda ulag goýmak zolagy ýerleşer. Şeýlelik bilen, onuň umumy peýdaly meýdany 7215 inedördül metre ýeter. 54 awtoulagyň ýerleşjek ýeri bolan binanyň birinji gatynda ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary satylýan dükan we ulaglaryň ýuwulýan ýeri ýerleşer. Binanyň indiki gatlarynyň her birinde 62 ulag ýerleşer. Bu desgalary 2016-njy ýylyň ahrynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.


Bu täze duralgalar “Gülüstan” bazaryna ýakyn ýerleşýän çäkleri ulaglardan boşatmaga we şol bir wagtyň özünde oňa barmagy ýeňilleşdirer. Bu duralgalaryň bolmagy bazaryň işgärleri we oňa barýanlar üçin goşmaça oňaýlyklary döreder. Şeýle hem bu duralgalar awtoulag eýelerine hem oňaýlyklary döreder. Olar ulaglaryny ygtybarly we abadanlaşdyrylan ýerde goýup bilerler.

Umuman türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmagyň meýilnamalarynda ýakyn ýyllarda bir nusgaly taslamalar boýunça 240 orunlyk awtoduralgalaryň 11 we 400 orunlyk awtoduralgalaryň sekizsini gurmak bellenildi. Olaryň gurluşyk işlerini alyp barmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza gurluşyk kompaniýalarynyň birnäçesine tabşyryldy.