Ï Aşgabatda ýaşlar syýasaty boýunça maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ýaşlar syýasaty boýunça maslahat geçirildi

view-icon 613
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň maslahaty geçirildi. Ol ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri ýygnady.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahatyň gün tertibine ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça anyk wezipeler girizildi. Bu maksatnama 2015-nji ýylyň martynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda kabul edildi.

Degişli resminamalar ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, şeýle hem ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýer ruhda terbiýelemek üçin amatly şertleriň döredilmegini ugur edinýär.

Ady agzalan maksatnamada kesgitlenen meseleleri toplumlaýyn çözmek maksadynda Çäreleriň degişli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şu günki maslahatda şol işiň netijelerine we onuň mümkinçiliklerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, ýaşlar syýasaty - döwletiň durmuş strategiýasynyň we onuň ideologik işiniň möhüm ugry bolup durýar. Ýaşlary ruhy, ahlak we beden taýdan kemala getirmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ýurdumyzyň hökümetiniň üns merkezinde durýar.

Ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek hem ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeler bilen baglydyr. Onuň konseptual düzgünleri ozaly bilen, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň hukuk we durmuş derejesini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ýaş maşgalalary goldamak ýaly meseleleri gurşap alýar.

Bu esasy ugurlar Ýaşlar guramasynyň maslahatynda ara alnyp maslahatlaşmak bilen çäklenmän, eýsem, olara degişli ugurlarda wezipeleri çözmegiň usullaryny işläp düzmek babatda çuňňur we hemmetaraplaýyn garaldy. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň işinde usullary we çemeleşmeleri täzelemek boýunça pikirler we teklipler öňe sürüldi. Guramanyň esasy wezipesi adamyň we jemgyýetiň ösmegine ýardam etmek, onuň intellektual we zähmet mümkinçiliklerini kemala getirmek bolup durýar.

Maslahatda edilen çykyşlaryň mowzuklary köpdürli bolup, olar ýaşlaryň durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny ilerletmekde eýeleýän orny, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlaryň ylmy-tehniki döredijiligine goldaw bermek ýaly ugurlarda işleri ýaýbaňlandyrmak wezipelerinden ybarat boldy.

Şunuň bilen baglylykda, durmuş ähmiýetli çäreleri geçirmegiň hem-de ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, döwlet edaralary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri, orta mekdepler, ylym we medeniýet edaralary bilen hyzmatdaşlykda ösüp gelýän nesil bilen işlemek boýunça dürli taslamalary amala aşyrmagyň ugurlaryna garaldy.