Paýtagtyň gurluşygynyň nobatdaky 15-nji tapgyrynyň çäklerinde desgalaryň 119-nyň düýbüni tutmak işleri köpçülikleýin ýaýbaňlandyryldy. Olaryň 109-sy iki gatly ýaşaýyş kottejleridir, 01 9-sy 12 gatly jaýlardyr hem-de bir dükandyr.
Beýleki desgalaryň guruljak ýerleri gurluşyk işleri üçin boşadylýar, tekizlemek, geologiýa we geodeziýa işleri alnyp barylýar.
Aşgabat şäheriniň gurluşygynyň 15-nji tapgyry Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugry boýunça geçýär. Bu ýerde alnyp barylýan işlere şu ýylyň aprel aýynda badalga berildi. Täze taslamanyň çäklerinde ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlarynyň, umumylylykda desgalaryň 257-ni gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem 12 gatly 72-48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň on sekizsini we 3 we 4 gatly 6-8 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň on altysyny gurmak göz öňünde tutulýar. Her biri bir maşgala niýetlenen iki gatly ýaşaýyş kottejleriniň 208-si gurular.
Şeýle hem täze ýaşaýyş jaý toplumynda 160 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk orta mekdebiň binasy, senagat we azyk harytlary satylýan dükanlaryň 11-si gurular. Bu ýerde giň seýilgäh zolagy, dynç almak, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin meýdançalar dörediler. Umumy uzynlygy 14 kilometr bolan täze ulag ýoly çekiler.
Aşgabat şäheriniň gurluşygynyň 15-nji tapgyrynyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza ýerli kompaniýalarynyň onlarçasyna ynanyldy. Şeýle hem TSTB agza kompaniýalary iri buýrujylar we gurluşyk işlerine paýdar bolup çykyş edýärler.
Ýurduň dürli edaralary – Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligini, “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konsernini, Demir ýol ulaglary ministrligini, Bilim ministrligini, Aşgabat şäher häkimligini we beýlekileri buýrujylaryň hatarynda görkezmek bolar.
Aşgabat şäheriniň gurluşygynyň 15-nji tapgyrynyň gurluşyk işleriniň taslamasynyň desgalaryny dolylygyna ulanmaga tabşyrmak 2016-njy ýylyň ahyryna bellendi.