Geçen ýylyň başynda badalga alan paýtagtyň Köşi ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň 3-nji tapgyry tamamlanyp barýar. Häzirki wagtda bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň dokuzsyny ulanyşa bermäge taýýarlyk görülýär. Olaryň üçüsini eýýäm golaý wagtda, galan altysyny bolsa şu ýylyň ahyrynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Ýaz paslynyň başynda şäheriň bu böleginde ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si ulanmaga berildi we olara ýaşaýjylar göçürilip eltildi. Täze etrapçanyň çäklerinde geçen ýyl çagalar baglarynyň ikisi ulanmaga berildi, bu ýyl bolsa orta okuw mekdebiniň binasy ulanmaga berildi.
Häzirki wagtda çagalar baglarynyň ýene-de ikisi ulanmaga bermegiň öň ýanynda dur, olary ýurduň bitaraplyk baýramçylygyna ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Köşiniň bu böleginiň gurulmagy meýilleşdirilen jaýlaryndan ýaşaýyş jaýlarynyň soňky bäşisinde işler tamamlanyp barýar, Bu ýerde binalary mermer bilen örtmek, olaryň içki işlerini ýerine ýetirmek işleri alynyp barylýar, ýaşaýyş öýlerinde mebeller, häzirki zaman durmuş we santehnika enjamlary goýulýar. Desgalara ýakyn ýerleşýän çäkler abadanlaşdyrylýar, ýanýodalar çekilýär, agaç nahallary ekilýär, gül ekmek üçin bölünen ýerler abadanlaşdyrylýar.
Umuman, gurluşygyň meýilnamasyna laýyklykda, täze ýaşaýyş jaý etrapçasy ýaşaýyş we jemgyýetçilik ähmiýetli binalaryň 42-den ybarat bolar. Olaryň hatarynda 37-si dört gatly, 1- 4 otagly häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryndyr. Bu täze gurluşyklaryň birinji gaty senagat we azyk harytlary satylýan dükanlar üçin niýetlenendir. Şonuň üçin hem bu jaýlardaky öýleriň sany dürli-dürlidir, ýagny 30-dan 40-a çenli öýlidir.
Ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlaryna ýakyn ýerleşýän çäkleri abadanlaşdyrmagyň çäklerinde ulag goýulýan ýer, çagalar oýnar ýaly we sport meýdançalary, şeýle hem meden-köpçülikleýin çärelerini geçirmek üçin ýörite meýdançalar gurlandyr. Ýaprakly we pürli baglaryň ekilen zolagy, ýörite gül ekilýän ýerler bu ýaşaýyş jaý toplumynyň çäkleriniň bezegine öwrüler.
Ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň baş meýilnamasy paýtagtyň häkimliginiň “Aşgabattaslama” taslama institutynyň hünärmenleri tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Olar bu ýerleriniň geologiki we geodeziki gözleglerini hem geçirdiler. Gurluşyk işlerini ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň onlarçasy we türkiýäniň hususy kompaniýalary ýerine ýetirýärler.
Şäheriň bu böleginiň gurluşygynyň üçünji tapgyrynyň taslamasyny amala aşyrmak şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamak bellenildi.