Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Baba Garaýew özüniň ýüz ýaşyny belledi. Bu şanly sene mynasybetli ak sakgal ýaşulyny şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döwlet edaralarynyň, kärhanalaryň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy we ýaşulylar mähirli gutladylar.
Bu ýaşulynyň aýdyň wakalara, gujurly zähmete ýugurlan örän manyly ömür beýany bar. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynyň ikinji ýarymynda ol Görogly etrabynda mekdep mugallymy bolup işe başlady. Ol öz mugallymçylyk işini döredijilik işi bilen utgaşykly alyp bardy. Onuň goşgulary, oba durmuşy barada gürrüň berýän makalalary şol wagtky raýon gazetiniň sahypalarynda yzygiderli çap edildi.
1945-nji ýylda bolsa B.Garaýew ýerli welaýat gazetine işe geçýär. Ol bu gazete otuz bäş ýyldan hem gowrak wagtlap redaktorlyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda döredijilik işgärleri sebitiň we ýurduň durmuşynyň ähli ugurlaryny beýan etmek bilen, okyjylary wakalar bilen ýakyndan habardar edip durdy. Baba Garaýewiň özi hem welaýatyň dürli künjeklerine saparlarda bolmak bilen, ruhubelentlik bilen zähmet çekdi. Onuň oçerkleriniň gahrymanlary bolup bolsa dürli hünärlileriň wekilleri: öz döredijilikli işlerini Watanyň gülläp ösmegine, jemgyýetiň we halkyň abadançylygyna bagyşlan ekerançylar, bagbanlar, çopanlar, miraplar, gurluşykçylar, ýol gurujylar, gazçylar, çörek bişirijiler, inženerler, lukmanlar, mugallymlar bolup durýardylar. Baba aganyň köp sanly şägirtleri görnükli žurnalistler, ýazyjylar bolup ýetişdiler, welaýat gazetlerinde, Türkmenistanyň merkezi döwürleýin neşirlerinde işleýärler. Bu günki gün weteran üçin ýurduň žurnalistikasy – iň ýokary sylag bolup durýar.
Hormatly ýaşuly bu günki gün jemgyýetçilik-medeni çärelerine, ýaşuly nesil bilen ýaş nesliň duşuşyklarynyň ählisine yzygiderli we işjeň gatnaşýar. Bu duşuşyklaryň her biri bolsa ahlaklyga, watany söýüjilige ýugurlandyr.
Işjeň, sagdyn durmuş ýörelgesi, durmuşa bolan söýgi, ruhy taýdan galjaňlyk, hoşamaýlyk – bu häsiýetleriň ählisi adamy bezeýän häsiýetler hem-de olar garrylyga ýan bermän, saňa täze güýçdir gurbaty berýär diýip, hormatly ýaşuly gürrüň berýär.