Ï Aziada-2017-ni geçirmegiň barşynda saglygy goraýyş boýunça guramaçylyk çäreleriniň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziada-2017-ni geçirmegiň barşynda saglygy goraýyş boýunça guramaçylyk çäreleriniň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 851
2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde “Adamlaryň köpçülikleýin toplanýan wagtynda çäreleri dolandyrmak” ady bilen üç günlik ýörite okuw sapagy geçirildi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasy bilen bilelikde guralan bu okuw sapagyna ministrlikleriň, Döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň we onuň bölümleriniň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň, Sport we Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetleriniň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň işine gatnaşmak üçin we Aziýa oýunlaryny geçirmegiň barşynda Halkara Lukmançylyk-sanitariýa kadalaryny amala aşyrmak meseleleri boýunça maslahat beriş-tehniki taýdan ýardam bermek maksady bilen BSGG ÝSE tiz lukmançylyk kömegini bermek baradaky maksatnamasynyň utgaşdyryjysy d-r Ute Enderleýn, BSGG Ştab-kwartirasynyň işgäri d-r Jetri Regmi we BSGG ÝSE wagtlaýyn maslahat berijisi d-r Tina Enderiks türkmen paýtagtyna geldiler.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramaçylyk çärelerini meýilnamalaşdyrmaga we geçirmäge çagyrylan hünärmenler üçin geçirilýän okuw sapagynyň gün tertibine iri sport çäreleri geçirilýän wagtynda saglygy goraýyş boýunça guramaçylyk çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we adamalaryň köpçülikleýin toplanýan ýerlerinde töwekgelçilige baha bermegi, gözegçilik etmegi we habardar etmegi, infeksion gözegçiligini, lukmançylyk kömegi we barlaghanalar gulluklarynyň işini, daşky gurşaw we azyk önümleriň howpsuzlygyny goşmak bilen, dürli jemgyýetçilik saglygy goraýyş jähtinden netijeli çözgütler goşuldy.