Ï Işleriň sanly belgiler görnüşiniň özleşdirilmegi netijesinde kitaphanalaryň okyjylarynyň sany artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Işleriň sanly belgiler görnüşiniň özleşdirilmegi netijesinde kitaphanalaryň okyjylarynyň sany artýar

view-icon 779
Lebap welaýat kitaphanasynyň 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda täze bäş gatly bina göçmegi netijesinde häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ulanmak bilen işleri täze görnüşe geçmek amala aşyryldy. Bu bolsa okyjylaryň köpelmegine düýpli täsirini ýetirdi.

Bu kitaphananyň gaznasynda üç müň töweregi kitap bardyr. Welaýat çagalar, üç sany şäher (Türkmenabat, Seýdi, magdanly), 33 şahalary bolan 14 sany etrap kitaphanalaryny hasaba alnyňda Lebabyň kitaphanalarynyň gaznasy bir million üç ýüz müň kitaba barabardyr.


Häzirki zaman multimediýa tehnologiýalary her bir okyja diňe bir biziň kitaphalarymyzyň gaznasyndan peýdalanmaga mümkinçilik bermän, eýsem olara dünýäniň beýleki ýurtlarynyň kitaphanalarynyň gaznasyndan peýdalanmaga hem mümkinçilik berýär diýip, Lebap welaýat kitaphanasynyň direktory Göwher Amanowa gürrüň berýär. Bizde maglumat-kompýuter tehnologiýalary hemme ýerde – abonent bölüminde, arhiwde, işgärleriň iş orunlarynda goýulandyr. Okyjylar üçin gözleg ulgamly we elektron katalogly kompýuterleriň 153-si oturdylandyr. Internet zalynda okyjylar global tordan gerek bolan maglumatlaryny alyp bilerler, olary dakylýan göterijä ýazyp bilerler ýada kagyza çap edip bilerler. Şeýle hem her bir okyjy indi kitaphananyň gaznasyndan materiallaryň elektron nusgasyny alyp bilerler, DVD-zalynda wideogörnüşlere seredip bilerler, ýörite otagda bolsa, audioýazgylary diňläp bilerler.

Hyzmat etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy kitaphananyň işgärine berilen kitaplar barada, hasabynda kitap bolan okyjylar barada, kitaplary gaýdyp bermegiň möhletlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Mundan hem başga, bu ulgam bize kitaphanalaryň gaznasyndan peýdalanýanlaryň ählisiniň hasabyny ýöretmäge mümkinçilik berýär.

Elektron katalogyň kömegi bilen islendik okyja kitaplar, makalalar, döwürleýin neşirler barada maglumatlary almaga mümkinçilik berilýär. Okyjylaryň arasynda kitaphananyň işgärleri tarapyndan döredilen dürli elektron binýatlar uly gyzyklanma döredýär. Ülkäni öwreniş temasyna okyjylar uly ähmiýet berýärler.

Täze multimediýa tehnologiýalary kitaphanalaryň öz aralarynda hereket etmegiň görnüşini üýtgetdi. Biz bütewi kitaphana-maglumatlar giňişligini döretmäge mümkinçilik aldyk. Bu bolsa her bir kitaphananyň özüne çekijiligini ep-esli ýokarlandyrmaga, okyjylaryň işjeňligini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Kitaphana işleriniň bir görnüşi hem, mälim bolşy ýaly, sergi işlerini guramak bolup durýar. Biz kitap sergilerini döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyklarda we beýleki taryhy senelerde taýýarlaýarys. Multimediýa serişdeleri bize kitaphanalaryň gaznalarynyň sergisini guramaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelik bilen, kitaphana maglumatlar merkezi hökmünde bolup galaýar. Şeýle hem bu özboluşly merkez bolup durýar. Sebäbi bu ýerde dürli çäreler, edebi-döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly agşamlar geçirilip durulýar