Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan “Bitarap Türkmenistan” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Özygtyýarly Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi halkara hukuk resminamasy bolmak bilen, ol 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen ykrar edildi. Munuň özi türkmen döwletiniň hoşniýetli goňşuçylyk, döredijilik ruhuna, halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna halkara bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigini alamatlandyrýar.
Ýurdumyzyň taryhynda 20 ýyla barabar bolan bu döwürde Türkmenistanda ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler bolup geçdi we dürli ugurlar boýunça üstünlikler gazanyldy. Munuň özi ählumumy ösüşiň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ugur edinýän daşary syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan şu ýyllaryň dowamynda tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine işjeň gatnaşmak bilen, birnäçe oňyn başlangyçlary öňe sürdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2015-nji ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Şu mynasybetli jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynda möhüm wakalar giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bu şenly sene mynasybetli maslahatlar, duşuşyklar, dürli derejedäki dabaraly çäreler geçirildi. Munuň özi türkmen halkyna bagtyýar parahatçylykly we rowaç durmuşy üpjün eden hem-de dünýäniň halklary bilen parahatçylyk, döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik beren hemişelik bitaraplyk derejesiniň ähmiýetinden habar berýär.
Görnükli syýasatçy, halklaryň arasynda parahatçylygyň we ylalaşygyň üpjün edilmegine hem-de berkidilmegine gönükdirilen oňyn halkara başlangyçlaryny öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynda hut şu meseleler barada aýdylýar. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şu ýylyň dowamynda döwlet Baştutanymyz mähriban Watanymyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan başga-da kitaplary çap edildi. Olaryň hatarynda milli Liderimiziň çykyşlaryndan, paýhasly jümlelerinrden ybarat bolan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistanyň Bitaraplygy: döredijiligiň we ösüşiň syýasaty” ýaly kitaplar bar.
Milli Liderimiziň giň okyjylar köpçüligine hödürlenen täze “Bitarap Türkmenistan” kitaby ýurdumyzyň bitaraplyk derejesiniň ýylýazgysy bolmak bilen, ol döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ägirt uly üstünlikleri gazanmakdaky we ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda we halkara giňişliginde ýetmeginde mähriban Watanymyzyň halkara-hukuk derejesiniň ägirt uly ähmiýeti bardyr.
Şeýle hem kitapda halkara we milli derejesinde kabul edilen bitaraplyk derejesi bilen baglanyşykly taryhy resminamalaryň mazmunyndan bölekleri getirilýär. Olaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” Kararnama, Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunçylyk namalar we beýleki möhüm resminamalar bar. Ýeri gelende aýtsak, täze kitabyň sahypalarynda häzirki döwürde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň eýeleýän orny we ähmiýeti hakynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda BMG-niň Baş sekretarlary Kofi Annanyň we Pan Gi Munuň aýdan sözleriniň getirilýändigini bellemeli.
Kitabyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 2015-nji ýylyň iýun aýynda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky” ikinji Kararnamasy we Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden çykyşy ýerleşdirilipdir.
Tanyşdyryş dabarasynyň gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, täze neşir her bir türkmenistanlylaryň ýankitabyna öwrülip, ol Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin paýhas we bilim çeşmesi bolup hyzmat eder.
Türkmen Döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanylan bu kitap ýokary poligrafiýa derejesinde çap edilipdir. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň Baştutanlary bilen duşuşyklary hakynda gürrüň berýän fotosuratlar bilen bezelipdir.
Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli Liderimize Ýüzlenme kabul etdiler. Onda dünýäniň döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkidilmegi parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda parahatçylyk söýüjilik syýasaty alyp barýan döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirilýär.