Şu günler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze ýylyny – 2016-njy ýyly garşylamak arzuwy bilen ýaşaýar. Türkmenistanlylar ynam we ruhubelentlik bilen geljek üçin meýilnamalary düzüp, Täze ýyly garşylaýarlar. Ruhubelentlik üçin bolsa bizde ähli esaslar bar, çünki biz ajaýyp döwürde gülläp ösýän ýurtda ýaşaýarys. Biziň ýurdumyzda bolsa raýatlaryň abadançylygy döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ugruna ygrarly bolmak bilen, biz ýetip gelýän 2016-njy ýylda täze ýeňişleriň we üstünlikleriň köp bolmagyna garaşýarys.
Birnäçe gün mundan öň biziň ýurdumyz möhüm taryhy senäni—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny giňden we dabaraly belläp geçdi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynyň baştutanlaryny, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, şeýle hem döredijilik işgärlerini türkmen topragynda birleşdiren baýramçylygyň gerimi Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň we onuň Lideriniň abraýynyň näderejede uludygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän ylalaşdyryjylyk başlangyçlarynyň dünýäde näderejede zerurdygyny aýdyň görkezdi.
“Biziň ýurdumyz Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny dünýä bileleşigindäki dostlary we hyzmatdaşlary bilen bilelikde parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek - birege hormat goýmak we düşünişmek esasynda giňden belleýär. Biz öz geljegimizi we öňümizde durýan wezipeleri aýdyň görýäris. Döwletimiziň saýlap alan we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen köpugurly syýasaty geljege uly ynam bilen garamaga bize doly mümkinçilik berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap, parahatçylyk söýüji Türkmenistan Ýer ýüzünde asudalygy we howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde hem ähli zerur işleri amala aşyrar, adamzadyň ösüşine we öňe gitmegine öz mynasyp goşandyny goşar” diýip, milli Liderimiz “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatynda eden taryhy çykyşynda belledi.
Ýurdumyz bu taryhy şanly senäni ruhubelentlik bilen belläp, 2016-njy ýyly garşylamaga uly hyjuw bilen taýýarlyk görýär.
Şu günler Täze ýyl lybasyna beslenýän türkmen paýtagtynyň hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi hem hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, şadyýan we ajaýyp baýramçylygyň ýetip gelýändigini görkezýär. Dürli öwüşginli oýnawaçlara, monjuklara, paňkyldawaçlara beslenen Täze ýyl arçalary edara binalarynyň öňünde, meýdançalarda we köçeleriň ugrunda, söwda merkezlerinde peýda bolýar. Agşamlaryna olary Täze ýyl çyra bezegleri ýagtylandyrýar. Arça bezegleriniň we sowgatlarynyň hem baýramçylyk söwdasy başlandy. Elbetde, Täze ýyl dabaralary söýgüli baýramçylygymyzy uzak wagt ýatda galdyrýar.
Baýramçylygyň öň ýanynda Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Bilim ministrligi, jemgyýetçilik guramalary, ministrlikler we edaralar dürli Täze ýyl medeni –dynç alyş maksatnamalaryny taýýarladylar.
Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri, ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary, özboluşly žanryň ussatlary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatrlaryň döredijilik toparlary bolsa Täze ýyla täze aýdymlaryny, aýdym-sazly, tansly çykyşlaryny, dürli şadyýan spektakllaryny taýýarladylar. Şäherleriň we obalaryň açyk sahna meýdançalary, medeni merkezleriň we teatrlaryň zallary, şu günler hakyky ertekilerdäki köşklere öwrüldi.
Medeniýet ulgamynyň edaralary hem aýratyn depginde işleýär, olarda 15-nji dekabrda Täze ýyla bagyşlanan köpsanly çäreler badalga aldy, telewizion gepleşikleriniň ýazgylaryna başlanyp, olar Täze ýylyň öňýanynda hem-de onuň ilkinji günleri milli teleýaýlymlarymyz boýunça halka ýetiriler.
15-nji dekabrda “Toý mekany” medeni-dynç alyş merkezinde geçirilen hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran baýramçylyk dabarasy “Hoş geldiň Täze ýyl, Garaşsyz, Bitarap Diýara!” diýlip atlandyryldy.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan guralan baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň harby bölümleriniň medeniýet öýlerinde geçirildi.
“Arkadagly Diýara bagt getir, Täze ýyl!” atly dabara bilen Täze ýyl çäreleriniň tapgyryny açan jemgyýetçilik guramalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi hem bar.
Täze ýylyň öň ýanyndaky baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň joşgunly belleýşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan häzir dünýä giňişliginde durnukly ösýän we parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ykrar edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz dünýäniň ykdysady giňişligine ynamly goşulýar. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi, Gazagystan-Türkmenistan–Eýran transmilli demir ýoly ýaly durmuşa geçirilen iri taslamalar, şeýle hem ýakynda gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösmegine, ýurtlaryň we halklaryň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasaty mähriban halkymyzyň asuda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmek üçin oňyn şertleri döretdi. Ýurdumyzda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, bejeriş-sagaldyş merkezleri, myhmanhanalar, zawodlar we fabrikler, awtomobil ýollary, demir ýollar, howa menzilleri, elektrik beketleri, iri köprüler, gaz geçirijiler yzygiderli gurulýar we ulanmaga berilýär. Şeýle hem häzir desgalaryň müňlerçesiniň gurluşygy güýçli depginlerde dowam edýär.
Täze ýylyň öň ýanynda geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşyjylar türkmenistanlylaryň öz milli Liderine, ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli geçirilmegine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny bellediler.
Baýramçylyk maksatnamasyny ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde guraýan “Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Watana!”, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň “Gülzaman” toý merkezinde geçirýän “Şatlyk bilen, şowhun bilen geldi Täze ýyl” atly baýramçylyk çäreleri dowam edýär.
17-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş ýoly bagtyýar durmuşyň kepilidir” atly maslahat hem-de 18-nji dekabrda bolsa jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Arkadagly eziz Diýar diňe öňe, öňe barýar!” atly döredijilik duşuşygy geçiriler.
Russiýa Federasiýasyndan geljek sirk artistleriniň çykyşlary Täze ýyl maksatnamasyna dürli öwüşgin çaýar. Olaryň çykyşlary üstümizdäki aýyň 21-nji dekabryndan başlap, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde guralar.
22-nji dekabrda “Hoş geldiň Täze ýyl, Arkadagly Diýara!” atly dabaranyň baýramçylyk maksatnamasynda eziz Watanymyzyň şanyna ajaýyp owazlar, söýgi, mähir, gözellik we hoşniýetlilik hakynda aýdymlar ýaňlanar. Bu dabara “Altyn ýyldyz” medeni –dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralar.
Elbetde, ýurdumyzyň baş arçasynda yşyklary ýakmak dabarasy Täze ýylyň şanly wakasyna öwrüler. Ol 23-nji dekabrda häzirki zaman Aşgabadyň gözel ýerleriniň biri hasaplanýan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlanar. Hut şu ýerden ýakynda paýtagtymyzda açylan “Bagtyýarlyk” seýilgähiniň çägi başlanýar. “Älemiň” öňündäki meýdançada emele gelen däbe görä, Aýazbabany we Garpamygy garşylamagyň teatrlaşdyrylan baýramçylyk maksatnamasy guralar. Olar çagalar bilen bilelikde hemişe ýaşyl öwüsýän bezemen arçada yşyklary ýakarlar.
Şol pursatdan ýurdumyzyň welaýatlarynyň, şäherleriniň hem-de obalarynyň merkezlerindäki baş meýdançalarda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň ählisinde hem çyralar öwşün atar.
Oýnawaçlaryň hem-de beýleki täsin, biri-birinden owadan müňdürli bezeg serişdeleri bilen bezelen gök arçalaryň ýanynda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşy tamamlanýança Aýazbabanyň hem-de Garpamygyň, meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň, teatr we halk döredijilik toparlarynyň, ýaş artistleriň gatnaşmagynda dürli Täze ýyl çykyşlary görkeziler. Şowhunly, täsirli şüweleňlerde Täze ýyl baýramçylygy bagtyýar çagalaryň göwnüni galkyndyrar. Olar üçin bolsa ençeme garaşylmadyk sowgatlar: şowhunly oýunlar, bilim bäsleşikleri, ertekilerdäki söýgüli gahrymanlary we elbetde, şadyýan maýmynjyk bilen duşuşyk taýýarlanyldy. Maýmynjyk bolsa Gündogar senenamasy boýunça garşylanjak maýmyn ýyly bolan täze 2016-njy ýylyň baýramçylyk nyşanydyr.
Ösup gelýän nesiller, maşgala hem-de belent ruhy gymmatlyklary saklamak hakdaky alada döwlet syýasatynyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeleriň ählisiniň möhüm we aýrylmaz bölegidir. Çagalaryň sagdyn, bagtyýar, şadyýan bolmagy ýurduň abadançylygynyň iň oňat görkezijisidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalara mähirli, hoşgylaw gatnaşyklarynyň ajaýyp nusgasyny görkezip, ýaş türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen her ýylda hut özi gutlaýar hem-de ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşýar.
Däp boýunça Täze ýylyň öň ýanyndaky günlerde Aşgabatda ýurdumyzyň ýaş zehinli aýdymçylarynyň arasyndaky “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň netijeleri jemlener hem-de oňa gatnaşyjylaryň jemleýji konserti bolar. 24-nji dekabrda “Maslahat köşgüniň” sahnasynda ýurdumyzyň estradasynyň dogup gelýän ýyldyzlary, ýaş zehinler çykyş eder. Olar üçin Garaşsyz Türkmenistanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hünär lerejelerini artdyrmak üçin hemme şertler döredildi.
25-nji dekabrda myhmanlary “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler kabul eder. Şol ýerde “Hoş geldiň Täze ýyl! Salam Täze ýyl!” atly çäre geçiriler. Däp boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndan jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň wekilleri çagalary gutlarlar hem-de olara ýörite sowgatlary gowşurarlar. Köşgüň ýaş eýeleri tarapyndan taýýarlanan konsert maksatnamasynda Täze ýyly garşylamaga özleriniň ýörite taýýarlan döredijilik çykyşlary görkeziler.
25-nji dekabrdan 30-njy dekabra çenli baýramçylyk çäreleri Türkmen halysynyň muzeýinde hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda geçiriler.
Täze ýylyň öň ýanyndaky hepde Türkmenistanyň sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan birnäçe gyzykly baýramçylyk maksatnamalaryny özünde jemlär. Elbetde, şu günler türkmen paýtagty dabaralaryň hem-de belent baýramçylyk çäreleriniň merkezine öwrülýär. “Şatlyk getir, Täze ýyl” at bilen 26-27-nji dekabrda paýtagtymyzdaky “Watan” hem-de “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde baýramçylyk konsertleri geçiriler.
30-njy dekabrda şadyýan baýramçylyk maksatnamalary aşgabatlylary hem-de türkmen paýtagtynyň myhmanlaryny Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada, “Ylham” seýilgähinde we ýene-de “Watan” hem-de “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde ýygnar.
Baýramçylygyň esasy wakasy 31-nji dekabrda paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda geçiriljek uly barýamçylyk çykyşlary bolar. Täze 2016-njy ýylyň gelmeginiň hormatyna esasy dabaralar paýtagtymyzda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki gurnalan Baş arçanyň ýanynda geçiriler. Oňa iň ökde ýerine ýetirijiler, aýdym-saz, ýurdumyzyň teatr we halk döredijilik toparlary gatnaşar. Şu ýerde ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň arasynda Täze ýyl teleköprüsi geçiriler we uly telemonitordan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy ýaňlanar.
Täze 2016-njy ýyly garşylamak dabarasy ajaýyp baýramçylygyň aýrylmaz bölegi bolan owadan feýerwerk bilen jemlener.Ýurdumyz boýunça teletomaşaçylaryň millionlarçasy bu ajaýyp Täze ýyl şüweleňli baýramçylygyň şaýady bolarlar.
Täze ýylyň ilkinji günlerinde Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanylan döwlet derejesindäki dabaralara gatnaşmaga paýtagtymyza ähli welaýatlardan ýaş türkmenistanlylar—okuwynda üstünlik bilen ýetişýänler, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýänler hem-de beýlekiler geler. Olar üçin dürli çäreler taýýarlanyldy. Şol çäreler olaryň türkmen paýtagtynyň Täze ýylyna gelmeklerini durmuşlarynda ýatdan çykmajak waka öwrer.
Täze ýyl arçalary, şeýle hem çagalar sagaldyş merkezlerinde gurnaldy. Şol ýerlerde ýaş türkmenistanlylar gyşky dynç alyş möwsüminde dynç alarlar. Diňe owadan Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezleriniň 14-si ýedi müňden gowrak çagalary kabul etmäge taýýardyr. Olar bu ýere geçiriljek durli çärelere, şol sanda ukyp-başarnyklaryny görkezmäge niýetlenen, sport hem-de döredijilik bäsleşiklerine we elbetde, Täze ýyl arçasynyň ýanynda Aýazbabadan hem-de Garpamykdan sowgat alynjak dabaralara gatnaşar.
Täze ýylyň öň ýanyndaky çäreler, ýurdumyz boýunça ählimizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Täze ýylyny parahatçylykda we abadançylykda, ýagşylykda we bagtyýarlykda garşylamak höwesi birleşdirýän uly, ajaýyp we şadyýan baýramçylyk dowam edýär.