Ï Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna

view-icon 700
Şu gün paýtagtymyzyň ýaşaýjylary säher bilen Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde ýerleşýän Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ýadygärligine geldiler. Bu ýerde geçirilen ýatlama çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýadygärligine ter gül desseleri goýuldy. Ýadygärligiň etegine ajaýyp güllerden haly ýazylýar. Bu türkmen milletiniň görnükli ogluna halkyň çuňňur hormatynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly gadam uran, halkyň kuwwatly we gülläp ösýän bir döwlete gulluk etmek baradaky asyrlar boýy arzuwynyň hasyl bolmagy bu gün amala aşyrylýan beýik işler bilen şöhratlanýar. Ýurdumyzyň durmuş- ykdysady we demokratik esasda depginli ösmeginiň, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynyň kepili bolan bu zamanany döwürdeşlerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýip atlandyrdylar.

Halkymyzyň bähbidi üçin durmuşa geçirilýän döwlet derejesindäki giň göwrümli işleriň netijesinde, ata Watanymyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda mynasyp ornuny eýeläp, nesilleriň hakydasy bilen aýrylmaz baglanyşyklylykda, olaryň nurana geljege ymtylmalary netijesinde ösen medeniýetli, ýokary ahlakly, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi.